Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 26:7 - Mukaddes Kitap

7 Hakykatda, halkymyzyň on iki tiresi gije-gündiz Hudaýa çyn ýürekden sežde edip, bu wadanyň berjaý bolmagyna umyt baglapdyr. Eý, şahym, ýahudylar bolsa şu umyt üçin meni aýyplaýarlar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Хакыкатда, халкымызың он ики тиреси гиҗе-гүндиз Худая чын йүрекден сежде эдип, бу ваданың берҗай болмагына умыт баглапдыр. Эй, шахым, яхудылар болса шу умыт үчин мени айыплаярлар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 26:7
19 Iomraidhean Croise  

Olar Hudaýyň öýüniň bagyşlanma dabarasynda bir ýüz öküzi, iki ýüz goçy, dört ýüz guzyny we Ysraýyl tireleriniň sanyna görä, bütin ysraýyl halky üçin günä gurbanlygy hökmünde on iki erkeji gurbanlyk berdiler.


Onsoň ýesirlikden, sürgünden gaýdyp gelenler Ysraýyl Hudaýyna ýakma gurbanlyklar berdiler. Bütin Ysraýyl üçin on iki öküz, togsan alty goç, ýetmiş ýedi guzy, günä gurbanlygy üçin hem on iki erkeç berdiler. Bularyň hemmesi Rebbe ýakma gurbanlyk üçindi.


Hudaýlar Hudaýyna şükür ediň, Onuň söýgüsi baky.


Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, ähli zadyň täzelenen döwri Ynsan Ogly Öz şöhratly tagtynda oturanda, Meniň yzyma düşen siz hem on iki tagtda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresine kazylyk edersiňiz.


Şol wagt Iýerusalimde Şimgon atly bir dogruçyl we takwa adam ýaşaýardy. Ol ysraýyl halkynyň azat edilmegine garaşýardy, Mukaddes Ruh onuň üstündedi.


Siz Meniň Şalygymda iýip-içersiňiz we tagtlarda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresiniň üstünden kazylyk edersiňiz».


Şonuň üçin hüşgär boluň. Üç ýyllap gije-gündiz gözýaşlarym bilen her biriňize üznüksiz nesihat edenimi ýadyňyzda saklaň.


Edil bu adamlar ýaly, men hem dogrularyň-da, dogry dälleriň-de ölümden direljekdigine Hudaýa umyt baglaýaryn.


«Eý, Agrip patyşa! Ýahudylaryň maňa ýöňkeýän ähli aýyplamalaryndan goranyp, bu gün seniň öňüňde çykyş edýändigim üçin, men özümi bagtly saýýaryn.


Senem ýahudylaryň ähli adatlaryndan, jedelli pikirlerinden oňat baş çykarýarsyň ahyry. Şonuň üçin hem meni sabyrlylyk bilen diňlemegiňi haýyş edýärin.


Şu sebäpden men siziň bilen görşüp, söhbet etmek üçin, sizi bu ýere çagyrdym. Aslynda men Ysraýylyň umydy bolan Mesih ugrunda zynjyrlandym».


Biz didaryňyzy görmek we imanyňyzyň artmagy üçin, gije-gündiz erjellik bilen doga-dileg edýäris.


Ýalňyz galan dul aýal ähli umydyny Hudaýa baglaýandyr. Hudaýdan ýardam sorap, gije-gündiz dileg edýändir.


Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň guly men Ýakupdan başga milletleriň arasyna dargan Ysraýylyň on iki tiresine dogaýy salam!


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan