Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 26:29 - Mukaddes Kitap

29 Pawlus oňa: «Gysga bolsun, uzyn bolsun, diňe sen däl, eýsem, şu gün meni diňleýänleriň bary meniň ýaly bolsun diýip Hudaýa ýalbarýaryn. Elbetde, bu zynjyrlar sizde bolmasyn» diýip jogap berdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

29 Павлус оңа: «Гысга болсун, узын болсун, диңе сен дәл, эйсем, шу гүн мени диңлейәнлериң бары мениң ялы болсун дийип Худая ялбарярын. Элбетде, бу зынҗырлар сизде болмасын» дийип җогап берди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 26:29
18 Iomraidhean Croise  

Patyşa sandyr-sandyr edip, derwezäniň üstündäki otaga çykyp aglady. Ol gelýärkä: «Wah, oglum, Abşalom! Jan oglum! Eý, jan oglum, Abşalom! Seniň ýeriňe men ölen bolsam bolmaýarmy, wah, jan oglum, jan oglum!» diýip aglaýardy.


Bir gün şol gyzjagaz bikesine: «Wah, meniň jenabym Samariýa şäherindäki pygamberiň ýanyna gitsedi! Ol Nagamanyň deri keselini bejererdi» diýdi.


Olar şeýle diýdiler: «Biz Rebbiň elinden Müsürde ölen bolsak gowy bolardy. Biz ol ýerde etli gazanlar ataryp, doýýançak nahar iýerdik. Siz bolsa bu tutuş jemagaty açlykdan öldürmek üçin çöle getiripsiňiz».


Emma siz muňa gulak asmasaňyz, tekepbirligiňiz üçin gizlinlikde aglaryn; Rebbiň sürüsiniň ýesir edilendigi üçin, gözlerimiň ýaşy dökülip, sil bolup akar.


Ýermeýa şeýle diýdi: «Eline bermezler. Özüňe aýdan zatlarym babatda sen Rebbe gulak goý ahyry. Şonda özüň üçin ýagşy bolar, diri galarsyň.


Emma Musa oňa: «Sen meniň üçin gabanjaňlyk edýärmiň? Käşgä Rebbiň bütin halky pygamber bolsady we Reb Öz Ruhuny olaryň baryna bersedi!» diýip jogap berdi.


Men ynsan şaýatlygyna mätäç bolmasam-da, muny siziň halas bolmagyňyz üçin aýdýaryn.


Hirodyň ony orta çykarjak gününiň öň ýanyndaky gije Petrus iki esgeriň arasynda goşa zynjyr bilen bagly ýatyrdy. Garawullar-da zyndanyň girelgesinde gapynyň agzynda sakçylyk edýärdiler.


Şol wagt müňbaşy golaý gelip, Pawlusy tussag etdi we goşa zynjyrlar bilen baglamagy buýurdy. Soňra ol: «Bu adam kim? Ol näme etdi?» diýip sorady.


Olar köp wagt ol ýerde galanlaryndan soň, Festus Pawlusyň işini patyşa gürrüň berdi: «Feliksiň tussag edip goýan bir adamy bar.


Eý, doganlar, ysraýyl halkynyň halas bolmagy meniň köňül küýsegimdir. Men bu hakda elmydama Hudaýa doga-dileg edýärin.


Siz eýýäm doýup, aşa düşüpsiňiz! Siz eýýäm baýapsyňyz! Bizsiz höküm sürdüňiz. Wah, käşgä dogrudan-da höküm sürsediňiz! Şonda biz-de siziň bilen bile höküm sürerdik.


Elbetde, her kimiň men ýaly bolmagyny isleýärin. Ýöne her kimiň Hudaýdan alan öz peşgeşi bardyr: biriniň peşgeşi beýledir, başganyň peşgeşi eýledir.


Käşgä meniň akylsyzlygyma az-kem geçirimlilik etsediňiz! Wah, geçirimlilik edýäňiz-le!


Sebäbi men Hoş Habaryň zynjyrlar bilen baglanan ilçisidirin. Muny gorkman, bolmalysy ýaly yglan edip bilmegim üçin dileg ediň.


Şeýlelikde, biz hemmelere Mesih hakda wagyz edýäris. Olary Mesihiň bedeniniň kämil agzasy hökmünde hödürlär ýaly, her bir ynsana öwüt-ündew edip, uly akyldarlyk bilen taglym berýäris.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan