Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 26:22 - Mukaddes Kitap

22 Emma şu güne çenli Hudaý maňa medet berdi. Şonuň saýasynda uludan-kiçä, hemmelere şaýatlyk edip gelýärin. Boljak zatlary öňden habar beren pygamberleriň we Musanyň aýdanlaryndan başga hiç zat öwreden däldirin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

22 Эмма шу гүне ченли Худай маңа медет берди. Шонуң саясында улудан-кичә, хеммелере шаятлык эдип гелйәрин. Болҗак затлары өңден хабар берен пыгамберлериң ве Мусаның айданларындан башга хич зат өвреден дәлдирин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 26:22
42 Iomraidhean Croise  

Onsoň birinji aýyň on ikinji güni biz Ahawa derýasynyň boýundan Iýerusalime bakan ýola rowana bolduk. Ýolda Hudaýymyz biziň bilen bile bolup, Ol bizi ýoldaky garakçylardan we duşman elinden halas etdi.


Ynsan Ogly Özi hakda ýazylyşy ýaly jan berer, emma Ynsan Ogluna haýynlyk edeniň halyna waý! Ol adam eneden dogulmadyk bolsa, onuň üçin has oňat bolardy» diýip jogap berdi.


Sebäbi meniň bäş doganym bar. Bu gynalýan ýere düşmezleri ýaly, Lazar baryp şeýle ýeriň bardygyny olara duýdursyn“ diýýär.


Onsoň Ol Musa bilen ähli pygamberlerden başlap, hemme Mukaddes Ýazgylarda Özi hakda aýdylanlary olara düşündirdi.


Isa olara: «Men heniz ýanyňyzdakam size aýdan sözlerim şulardyr: Men hakda Töwratda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň ählisi berjaý bolmalydyr» diýdi.


Isa olara: «Mesih görgi görer we üçülenji gün ölümden direler diýip ýazylandyr.


Çünki Mukaddes Kanun Musa arkaly berildi, merhemet we hakykat bolsa Isa Mesih arkaly peýda boldy.


Filip Natanaýeli tapyp, oňa: «Biz Musanyň Töwradynda we beýleki pygamberleriň ýazgylarynda ýazylan Adamy tapdyk. Ol nasyraly Ýusubyň ogly Isa eken!» diýdi.


Siz baky ýaşaýyş Mukaddes Ýazgylardadyr öýdüp, olary yhlas bilen öwrenýärsiňiz. Olar bolsa Men hakda şaýatlyk edýärler.


Siz Musa ynansadyňyz, onda Maňa-da ynanardyňyz, sebäbi ol Men hakda ýazdy.


Ähli pygamberler hem Isa hakda şaýatlyk etdiler. Isa iman eden her bir adamyň günäleriniň Onuň adynyň hatyrasyna bagyşlanjakdygyny aýtdylar».


Ol hakda ýazylanlaryň baryny berjaý edenlerinden soň bolsa, Ony haçdan düşürip, bir mazarda goýdular.


Emma saňa şuny ykrar etmek bilen olaryň „galp taglymat“ diýip atlandyrýan „Isanyň Ýoly“ toparyna degişlidigimi mälim edýärin. Men ata-babalarymyzyň Hudaýyna sežde edýärin. Töwratda we pygamberleriň ýazgylarynda ýazylan her bir söze ynanýaryn.


Seni öz halkyňyň we keseki milletleriň elinden azat ederin. Keseki milletleriň gözlerini açaryň ýaly, Men seni olaryň arasyna ibererin.


Edil şu wagt hem Hudaýyň ata-babalarymyza beren wadasyna umyt baglaýandygym üçin kazyýetde durun.


Şeýlelikde, olar Pawlus bilen duşuşyk gününi belleşdiler. Şol gün onuň bolýan ýerine juda köp adam geldi. Pawlus ertirden agşama çenli olara Hudaýyň Şalygyny düşündirip, wagyz etdi. Mundan başga-da olary ynandyryp, Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan Isa dogrusynda ynandyryjy deliller getirdi.


Ýöne indi Hudaý aklanmanyň Kanuna dahylsyz ýoluny görkezdi. Bu ýol barada Töwrat we pygamberleriň ýazgylary hem şaýatlyk edýär.


Çünki men kabul edenimi örän wajyp habar hökmünde size-de gowşurdym. Bu habar, ine, şundan ybarat: Mukaddes Ýazgylara görä, Mesih biziň günälerimiz üçin öldi.


Ol jaýlanyp, Mukaddes Ýazgylara görä hem üçülenji gün diýlende direldi.


Milletler Saňa gaharlandylar. Indi Sen hem gazaba mündüň. Indi ölülere kazylyk etmegiň wagty geldi. Seniň gullaryň bolan pygamberleri, Öz halkyňy we Senden gorkýan uly-kiçi baryny sylaglamagyň wagty geldi. Ýeri harabalyga öwrenleri heläk etmegiň wagty geldi».


Olar Hudaýyň guly Musanyň we Guzynyň aýdymyny aýdýardylar: «Ýa Reb Hökmürowan Hudaý! Seniň işleriň beýik, täsindir. Eý, milletleriň Şasy! Seniň ýollaryň dogry we hakdyr.


Men tagtyň öňünde duran uludyr kiçi ölüleri gördüm. Kitaplar açyldy. Ýaşaýyş kitaby atly ýene bir kitap açyldy. Kitaplarda ýazylanlara seredilip, ölülere eden işlerine görä kazylyk edildi.


Şamuwel bir daşy alyp, ony Mispa bilen Şeniň arasynda dikeldip goýdy we «Reb bize şu güne çenli ýardam etdi» diýip, ol şol ýeri Ebenezer diýip atlandyrdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan