Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 26:2 - Mukaddes Kitap

2 «Eý, Agrip patyşa! Ýahudylaryň maňa ýöňkeýän ähli aýyplamalaryndan goranyp, bu gün seniň öňüňde çykyş edýändigim üçin, men özümi bagtly saýýaryn.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 «Эй, Агрип патыша! Яхудыларың маңа йөңкейән әхли айыпламаларындан горанып, бу гүн сениң өңүңде чыкыш эдйәндигим үчин, мен өзүми багтлы сайярын.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 26:2
10 Iomraidhean Croise  

Ýöne olar sizi eltip tabşyranlarynda, siz näme ýa-da nädip aýtjakdygyňyzy gaýgy etmäň. Size näme aýtmalydygyňyz şol wagtyň özünde berler.


Sizi sinagogalara, ýolbaşçylaryň, hökümdarlaryň huzuryna getirenlerinde, özüňizi nähili gorajakdygyňyzy we näme diýjekdigiňizi gaýgy etmäň.


Emma bu hadysalaryň hemmesinden öň, sizi yzarlap, azar bererler. Sizi sinagogalara tabşyryp, türmelere dykarlar. Men sebäpli sizi patyşalaryň we hökümdarlaryň huzuryna elterler.


Ol hakda onuň alyjenabyna ýazar ýaly belli bir zadym ýok. Şonuň üçin-de ony siziň huzuryňyza, ylaýta-da, eý, Agrip şa, seniň huzuryňa çykardym. Bu meselä seredenimizden soň, munuň netijesinde ýazmaga bir zatlar tapmagym ahmal.


Agrip Pawlusa: «Özüňi goramak üçin, söze başlap bilersiň» diýdi. Ine, şonda Pawlus ellerini hereketlendirip, özüni goramaga durdy:


Şonuň üçin hem, eý, Agrip şa, men gökden gelen görnüşe boýnuýogynlyk etmedim.


Bu zatlardan patyşamyň habarlydygy üçin, men oňa arkaýyn gepleýärin. Bularyň hiç biriniň ondan ýaşyryn däldigine men ynanýaryn, sebäbi bular gizlin edilen däldir.


Senem ýahudylaryň ähli adatlaryndan, jedelli pikirlerinden oňat baş çykarýarsyň ahyry. Şonuň üçin hem meni sabyrlylyk bilen diňlemegiňi haýyş edýärin.


Hakykatda, halkymyzyň on iki tiresi gije-gündiz Hudaýa çyn ýürekden sežde edip, bu wadanyň berjaý bolmagyna umyt baglapdyr. Eý, şahym, ýahudylar bolsa şu umyt üçin meni aýyplaýarlar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan