Men: «Indi Ol hakda dil ýarmaryn, Onuň adyndan geplemerin» diýsem, Onuň sözi süýeklerime ornaşyp, ýüregime ot berdi. Ony içimde saklamakdan irdim, mundan artyk çydap bilmeýärin.
Men hem özüme buýrulyşy ýaly etdim. Goşumy sürgüne gidýäniň goşy kimin ilki gündiz çykardym. Agşam diwary elim bilen oýup, goşumy garaňkyda çykardym, olaryň gözleriniň alnynda ony gerşimde göterdim.
Ýöne Ýunus Rebbiň nazaryndan gaçyp, Tarşyşa gitmek üçin ýola düşdi. Ol Ýafo şäherine gelip, Tarşyşa gidýän bir gämi tapdy. Gäminiň ýol kireýini töledi we Rebbiň nazaryndan gaçyp, Tarşyşa gitmek üçin, gämiçiler bilen bile gämä mündi.
Şonda olar tümlükden nura, şeýtanyň hökmürowanlygyndan Hudaýa tarap öwrülerler. Maňa iman etmek arkaly olaryň günäleri bagyşlanyp, olar Hudaýyň mukaddes halky bilen bile miras alarlar“ diýdi.
Ilki bilen Damaskda, Iýerusalimde, soňra tutuş Ýahudyýada, şeýle hem, keseki milletleriň arasynda: „Günäleriňiz üçin toba ediň, Hudaýa dolanyň, toba edendigiňizi oňat işleriňiz bilen subut ediň“ diýip wagyz etdim.