Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 24:5 - Mukaddes Kitap

5 Biz bu adamyň dünýädäki ähli ýahudylaryň arasynda gozgalaň turuzýan bir pitneçidigine göz ýetirdik we ol Nasyra toparynyň baştutany.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Биз бу адамың дүнйәдәки әхли яхудыларың арасында гозгалаң турузян бир питнечидигине гөз етирдик ве ол Насыра топарының баштутаны.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 24:5
32 Iomraidhean Croise  

Soňra Haman Kserks patyşa şeýle diýdi: «Siziň patyşalygyňyzyň ähli welaýatlaryndaky halklaryň arasyna ýaýran, ýöne olardan aýry ýaşaýan bir halk bar. Olaryň kanunlary-da beýleki halklaryňkydan üýtgeşik. Mundan başga-da, olar patyşanyň kanunlaryny berjaý etmeýärler. Olara beýle zada ýol bermeklik patyşanyň bähbidine däl.


Ol Benýamin derwezesine ýetende, Hananýanyň agtygy, Şelemýanyň ogly Ýiriýaý atly baş gözegçi Ýermeýa pygambere: «Sen babyllylaryň tarapyna geçjek bolýarsyň» diýip, ony tussag etdi.


Munuň üçin ýolbaşçylar patyşa şeýle diýdiler: «Bu adam öldürilsin, sebäbi ol şeýle sözleri aýdyp, bu şäherde aman galan urşujylar bilen ähli halky ruhdan düşürýär. Çünki bu adam bu halka ýagşylyk däl-de, ýamanlyk isleýär».


Onsoň Beýteldäki Amazýa ruhany Ysraýylyň patyşasy Ýarobgama şeýle habar ýollady: «Amos ysraýyl halkynyň arasynda saňa garşy dildüwşük gurady. Ýurt onuň munça sözlerini göterip bilmez.


Şägirdiň öz halypasy ýaly, guluň öz hojaýyny ýaly bolmagy ýeterlikdir. Eger öý eýesine Beýelzebul diýýän bolsalar, onda onuň içerisindäkilere ondan hem beter zat diýmezlermi?!


Ol ýere baryp, Nasyra diýen şäherde mesgen tutdy. Şeýdip, pygamberler arkaly: «Oňa nasyraly diýler» diýip aýdylan söz berjaý boldy.


«Eý, nasyraly Isa! Biziň bilen näme işiň bar? Bizi ýok etmäge geldiňmi? Men Seniň kimdigiňi bilýärin, Sen Hudaýyň Mukaddesisiň» diýip gygyrdy.


Barabbas şäherde ýüze çykan bir gozgalaňa gatnaşandygy we ganhordugy üçin zyndana salnypdy.


Olar Isany ýazgarmaga başladylar: «Biz bu adamyň milletimizi azdyrýandygyny gördük. Ol imperatora salgyt tölemäge garşy çykýar we Özüni Mesih hem Patyşa diýip atlandyrýar».


Olaryň soran adamyny, gozgalaň turzup, adam öldüreni üçin zyndana salnan adamy boşatdy, Isany bolsa olaryň ygtyýaryna berdi.


Emma olar hötjetlik edip: «Bu adam Öz taglymaty bilen tutuş Ýahudyýanyň ilatyny öjükdirýär. Ol Jelileden başlap, şu ýere çenli geldi» diýdiler.


Emma fariseýler toparyndan iman edenleriň käbiri aýaga galyp: «Keseki milletlerden bolanlary sünnetlemeli we olara Musanyň kanunyny berjaý etmegi tabşyrmaly» diýdiler.


Olar: «Eý, ysraýyl halky! Kömek ediň! Bu adam ähli ýerde biziň halkymyza, Musanyň bize beren kanunyna, ybadathanamyza garşy hemmelere ters sapak berýär. Munuň üstesine-de, grekleri ybadathana getirip, bu mukaddes ýeri harama çykardy» diýip gygyrdylar.


Halk Pawlusy şu ýere çenli diňledi, emma bu sözi eşidenlerinde, batly ses bilen: «Bu adamy ýer ýüzünden ýok ediň! Ol ýaşamaga mynasyp däl» diýip gygyrdy.


Emma saňa şuny ykrar etmek bilen olaryň „galp taglymat“ diýip atlandyrýan „Isanyň Ýoly“ toparyna degişlidigimi mälim edýärin. Men ata-babalarymyzyň Hudaýyna sežde edýärin. Töwratda we pygamberleriň ýazgylarynda ýazylan her bir söze ynanýaryn.


Men seniň köp wagtyňy almakçy däl, öz mähremligiň bilen biziň gysga habarymyza gulak asmagyňy haýyş edýärin.


Pawlus içeri girende, Iýerusalimden gelen ýahudylar onuň daşyna üýşüp, ony aýyplap başladylar, emma öz aýyplamalaryny subut edip bilmediler.


Olar meni köp wagtdan bäri tanaýarlar, eger isleseler, maňa dinimiziň iň berk topary boýunça fariseý bolup ýaşandygyma şaýatlyk edip bilerler.


Emma biziň seniň pikirleriňi özüňden eşidesimiz gelýär, sebäbi hemme ýerde bu dini topara garşy çykylýandygyny bilýäris».


Şeýlelikde, baş ruhany we onuň ýanyndaky saddukeýleriň ählisi göriplikden ýaňa aýaga galdylar.


Olar galp şaýatlary getirdiler. Galp şaýatlar: «Bu adam yzyny üzmän bu mukaddes ybadathana we Mukaddes Kanuna garşy gepleýär.


Sebäbi araňyzda agzalalyklar bolmaly zatdyr. Olar siziň Hudaýyň synagyndan geçip-geçmeýändigiňizi äşgär edýär.


Bize myjabat ýöňkänlerinde, mylaýymlyk bilen jogap berýäris. Biz şu pursada çenli ýer ýüzüniň çöp-çöri, dünýäniň zir-zibili kimin bolandyrys.


Eger kim nähak ýere ejir çekip, Hudaýy tanaýandygy üçin bu görgülere çydaýan bolsa, ol adam Hudaýy hoşnut eder.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan