Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 24:17 - Mukaddes Kitap

17 Meniň Iýerusalimde bolmanyma ençeme ýyl boldy, indi bolsa halkymyň garyplaryna sadaka bermek üçin ol ýere geldim.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

17 Мениң Иерусалимде болманыма энчеме йыл болды, инди болса халкымың гарыпларына садака бермек үчин ол ере гелдим.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 24:17
14 Iomraidhean Croise  

Pawlus Aziýa welaýatynda wagtyny ýitirmezlik üçin, Efesiň gapdalyndan geçip gitmegi ýüregine düwdi. Ol Iýerusalime ýetmäge howlugýardy, sebäbi Ellinji gün baýramy güni ol ýerde bolmak isleýärdi.


Şonuň üçin hüşgär boluň. Üç ýyllap gije-gündiz gözýaşlarym bilen her biriňize üznüksiz nesihat edenimi ýadyňyzda saklaň.


Ertesi gün Pawlus ýaňky adamlary ýanyna alyp, olar bilen bile özüni tämizledi. Onsoň ol ybadathana girip, päkleniş günleriniň haçan gutarjakdygyny we olaryň her biri üçin haçan sadaka berjekdigini yglan etdi.


Şeýle hem, Feliks Pawlusdan para tama edip, ony ýygy-ýygydan çagyrdyp, onuň bilen söhbet edýärdi.


Hawa, Ýahudyýadaky imansyzlaryň maňa zyýan ýetirmezligi üçin, Hudaýyň şol ýerdäki halky tarapyndan Iýerusalimdäki hyzmatymyň kabul edilmegi üçin Hudaýa doga-dileg ediň.


Şonuň üçin biz Titusdan siziň araňyzda başlan bu haýyrly işini şol tärde-de soňuna çenli dowam etmegini haýyş etdik.


Çünki siz Rebbimiz Isa Mesihiň merhemetini bilýäňiz: Ol baý bolsa-da, siziň hatyraňyz üçin garyp boldy. Isa Mesih muny Özüniň garyplygy arkaly siziň baý bolmagyňyz üçin edipdi.


Çünki siziň bu hemaýatyňyz Hudaýyň halkynyň mätäçlikleriniň öwezini doldurmak bilen çäklenmän, eýsem Hudaýa edilýän şükürleriň dolup-daşmagyna hem sebäp bolar.


Ýöne olar mätäçlik çekýän doganlary ýatdan çykarman, olara kömek etmegimizi haýyş etdiler. Men hem muny berjaý etmek üçin elimde baryny gaýgyrmadym.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan