Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 24:12 - Mukaddes Kitap

12 Bu adamlardan hiç biri meniň ybadathanada biri bilen jedelleşenimi, sinagogalarda ýa bolmasa şäherde halky aýaga galdyranymy gören däldir.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 Бу адамлардан хич бири мениң ыбадатханада бири билен җеделлешеними, синагогаларда я болмаса шәхерде халкы аяга галдыранымы гөрен дәлдир.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 24:12
6 Iomraidhean Croise  

Olar beýleki şägirtleriň ýanyna gelenlerinde, olaryň daşyna üýşüp duran uly mähelläni gördüler. Töwrat mugallymlaryň käbiri şägirtler bilen jedelleşip durdy.


Näme üçin Menden soraýarsyň? Näme aýdanymy eşidenlerden sora. Olar Meniň näme diýenimi bilýändirler» diýdi.


Bu zatlar bilen meşgullanýarkam, olar meni ybadathanada gördüler. Men tämizleniş dessuryny berjaý edýärdim, ýanymda hiç hili mähelle-de, gozgalaň-da ýokdy.


Biz bu adamyň dünýädäki ähli ýahudylaryň arasynda gozgalaň turuzýan bir pitneçidigine göz ýetirdik we ol Nasyra toparynyň baştutany.


Pawlus özüni gorap: «Men ýahudylaryň kanunyna-da, ybadathana-da, imperatora-da garşy günä etmedim» diýdi.


Üç günden soň Pawlus ýahudylaryň ýolbaşçylaryny çagyrdy. Olar bir ýere üýşende, Pawlus olara şeýle diýdi: «Eý, doganlar! Men halkymyza ýa-da ata-babalarymyzyň adatlaryna garşy hiç zat etmesem-de, Iýerusalimde tussag edilip, rimlileriň eline tabşyryldym.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan