Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 24:10 - Mukaddes Kitap

10 Häkim Pawlusa gepläber diýip yşarat edenden soň, ol söze başlady: «Seniň köp ýyllardan bäri bu milletiň üstünden kazylyk edýändigiňi bilýärin. Şonuň üçin özümi seniň huzuryňda goraýandygyma juda begenýärin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Хәким Павлуса гепләбер дийип ышарат эденден соң, ол сөзе башлады: «Сениң көп йыллардан бәри бу миллетиң үстүнден казылык эдйәндигиңи билйәрин. Шонуң үчин өзүми сениң хузурыңда гораяндыгыма җуда бегенйәрин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 24:10
12 Iomraidhean Croise  

Sizi sinagogalara, ýolbaşçylaryň, hökümdarlaryň huzuryna getirenlerinde, özüňizi nähili gorajakdygyňyzy we näme diýjekdigiňizi gaýgy etmäň.


Isa oňa: «Eý, ynsan, kim Meni siziň üstüňizden kazy ýa-da häkim edip belledi?» diýdi.


«Bir şäherde Hudaýdan gorkmaýan bir kazy bar eken. Ol kazy adamlary äsgermeýän eken.


Petrus olara eli bilen ýuwaş bolmaklaryny yşarat etdi. Onsoň Rebbiň özüni zyndandan nähili azat edendigini olara gürrüň berdi. Soňra: «Muny Ýakuba we beýleki doganlara habar beriň» diýdi-de, başga ýere çykyp gitdi.


Şeýlelikde, Pawlus ýerinden turup, olara eli bilen ýuwaş bolmaklaryny yşarat etdi. Soňra ol söze başlady: «Eý, ysraýyllylar we Hudaýa sežde edýän keseki halklar, maňa gulak asyň!


Emma meseläňiz sözler, atlar we öz kanunyňyz barada eken, bulary özüňiz çözüň. Meniň bulara kazylyk edesim gelenok» diýdi.


Onsoň ýahudylaryň itermegi bilen, mähelläniň içinden Isgender diýen bir adamy öňe çykardylar. Käbir adamlar näme diýmelidigini oňa gygyryp aýtdylar. Isgender eli bilen yşarat edip, halkyň öňünde gepläp, özüni gorajak boldy.


Müňbaşy Pawlusa rugsat berende, ol basgançagyň üstünde durup, halka ýuwaş bolmagy eli bilen yşarat etdi. Adamlar ümsüm bolansoň, Pawlus olara arameý dilinde ýüzlenip, söze başlady:


Pawlusy hem ata mündürip äkidip, sag-aman häkim Feliksiň ýanyna alyp baryň» diýip tabşyryk berdi.


Agrip Pawlusa: «Özüňi goramak üçin, söze başlap bilersiň» diýdi. Ine, şonda Pawlus ellerini hereketlendirip, özüni goramaga durdy:


Emma Mesihe Reb hökmünde ýürekden hormat goýuň. Kalbyňyzdaky umyt hakynda özüňizden hasabat soran her bir adama hemişe jogap bermäge taýýar boluň.


Eger adam adamyň garşysyna günä etse, Hudaý olara aralykçy bolar. Emma adam Rebbiň garşysyna günä etse, onda ony kim gorar?» Emma Eliýiň ogullary öz kakasynyň sözüne gulak asmadylar, çünki Reb olary öldürmegi ýüregine düwüpdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan