Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 23:9 - Mukaddes Kitap

9 Şeýlelikde, uly galmagal turdy. Fariseýleriň tarapyny tutýan käbir Töwrat mugallymlary ýerinden turup, uly dawa turuzdylar. Olar: «Biz bu adamda hiç hili aýyp tapmadyk. Onuň bilen bir ruh ýa perişde gepleşen bolsa näbilýäňiz?» diýdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Шейлеликде, улы галмагал турды. Фарисейлериң тарапыны тутян кәбир Төврат мугаллымлары еринден туруп, улы дава туруздылар. Олар: «Биз бу адамда хич хили айып тапмадык. Онуң билен бир рух я перишде геплешен болса нәбилйәңиз?» дийдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 23:9
23 Iomraidhean Croise  

Adamyň işleri Rebbiň göwnünden turanda, ony hatda duşmanlary bilen ýaraşdyrýar.


Onsoň ýolbaşçylar bilen ähli halk ruhanylara: «Bu adam bize Hudaýymyz Rebbiň adyndan gepländigi üçin, ol ölüme höküm edilmeli däldir» diýdiler.


Fariseýler bolan Töwrat mugallymlary Isanyň günäkärler hem salgytçylar bilen nahar iýip oturanyny görenlerinde, Onuň şägirtlerinden: «Näme üçin Ol salgytçylardyr günäkärler bilen bile nahar iýýär?» diýip soradylar.


Pilat üçünji gezek olara: «Näme üçin? Bu adam näme ýamanlyk etdi? Men Ondan ölüm jezasyna laýyk hiç zat tapmadym. Şonuň üçin hem Ony jezalandyryp boşatjak» diýdi.


Onsoň Pilat ýolbaşçy ruhanylar bilen halka: «Men bu adamda hiç hili etmiş görmedim» diýdi.


Fariseýler bilen Töwrat mugallymlary Onuň şägirtlerine: «Näme üçin salgytçylardyr günäkärler bilen bile iýip-içýärsiňiz?» diýip hüňürdeşdiler.


Ol ýerde duran mähelle muny eşidip: «Gök gürledi» diýdi. Käbirleri bolsa: «Onuň bilen bir perişde gepleşdi» diýişdiler.


Şeýlelikde, Rebbimiz Isa Mesihe iman edenimizde, Hudaý bize beren peşgeşini olara hem beren bolsa, Hudaýa garşy durar ýaly, men kim bolupdyryn?»


Günorta wagty Damaska golaýlap barýarkam, birdenkä asmandan parlak nur daş-töweregime ýagty saçdy.


Men ýere ýykyldym. Şol wagt: „Şawul, Şawul, näme üçin sen Maňa azar berýärsiň?“ diýen sesi eşitdim.


Men ony özleriniň dini kanuny bilen bagly meselelerde aýyplaýandyklaryny bildim, emma onda ölüme ýa-da tussag etmäge laýyk hiç hili esas ýokdur.


(Saddukeýler direliş-de, perişde-de, ruh-da ýok diýýärdiler, fariseýler bolsa bularyň hemmesine ynanýardylar.)


Emma meniň pikirimçe, ol ölüme laýyk iş etmändir. Emma özüniň dawasy barada imperatora arz edendigi üçin, ony Rime ýollamak kararyna geldim.


Olar çykyp barýarkalar, özara gürleşip: «Bu adam ölüme ýa-da tussaglyga laýyk hiç iş etmändir» diýişdiler.


Sebäbi Özüne degişli bolup, gulluk edýän Hudaýym düýn gije bir perişdesini ýanyma iberdi.


Emma Hudaýdan bolsa, onda siz bu işiň öňüni alyp bilmersiňiz. Birden Hudaýa garşy söweşýänler bolup çykaýmaň».


Şawul ýere ýykyldy. Şonda ol: «Şawul! Şawul! Näme üçin Maňa azar berýärsiň?» diýen sesi eşitdi.


Ýa-da biz Rebbiň gabanjaňlygyny oýarmakçymy? Eýsem biz Ondan güýçlümi näme?


Soňra Şamuwel olara: «Menden hiç hili nogsanlyk tapmandygyňyza bu gün Reb-de, Onuň seçip-saýlany hem şaýatdyr» diýdi. Halk: «Hawa, Ol şaýat» diýdi.


Dawut sözüni gutaranda, Şawul: «Dawut, oglum, bu asyl senmidiň?» diýip, möňňürip aglady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan