Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 23:6 - Mukaddes Kitap

6 Pawlus olaryň bir böleginiň saddukeýler, beýleki böleginiň-de fariseýlerdigini bilip: «Eý, doganlar, men fariseý, fariseýiň ogludyryn. Men ölüleriň direlýändigine umyt baglaýandygym üçin höküm edilýärin!» diýip, mejlisde batly gygyrdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Павлус оларың бир бөлегиниң саддукейлер, бейлеки бөлегиниң-де фарисейлердигини билип: «Эй, доганлар, мен фарисей, фарисейиң оглудырын. Мен өлүлериң дирелйәндигине умыт баглаяндыгым үчин хөкүм эдилйәрин!» дийип, меҗлисде батлы гыгырды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 23:6
17 Iomraidhean Croise  

Ine, Men sizi möjekleriň arasyna goýunlar kimin ýollaýaryn. Şonuň üçin ýylan ýaly akylly, kepderi kimin sada boluň.


Ölümden soň direlişiň ýokdugyny aýdýan saddukeýler Isanyň ýanyna gelip, Oňa şeýle sorag berdiler:


Ýahýa fariseýleriň we saddukeýleriň ençemesiniň çümdürilmek üçin öz ýanyna gelýändiklerini görende, olara şeýle diýdi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçyp gutulyp bileris öýdýäňizmi?


«Men ýahudydyryn. Kilikiýanyň Tarsus şäherinde doguldym, emma şu şäherde ulaldym. Bu ýerde Gamaliýeliň şägirdi bolup, ata-babalarymyzyň kanunynyň berk adatlaryna görä tälim aldym. Bu günki siziň bolşuňyz ýaly, menem Hudaýa juda yhlaslydym.


Müňbaşy ertesi gün ýahudylaryň Pawlusy nämede aýyplaýandyklaryny takyk bilmek isledi. Şonuň üçin Pawlusy azat edip, ýolbaşçy ruhanylar bilen ýokary mejlisiň ýygnanmagyny buýurdy. Onsoň Pawlusy olaryň huzuryna alyp geldi.


Aýdýanlarymyň hakykatdygyny baş ruhany bilen tutuş mejlis tassyklap biler. Men hatda olardan Damaskdaky ýahudy doganlarymyzy tutmaga rugsat hatyny hem aldym. Olaryň elini-aýagyny baglap, Iýerusalime getirip, jezalandyrmak maksady bilen Damaska tarap ýola düşdüm.


Pawlus ýokary mejlise dykgat bilen seredip: «Eý, doganlar! Men şu güne çenli Hudaýyň öňünde arassa wyždan bilen ýaşadym» diýdi.


Şeýlelikde, siz ýokary mejlis bilen bilelikde müňbaşydan Pawlusy yzyna getirmegi haýyş ediň. Ol hakdaky maglumatlary doly öwrenmek isleýäris diýen boluň. Pawlus bu ýere gelip ýetmänkä, biz ony ýolda öldürmäge taýyn» diýdiler.


Ol şeýle jogap berdi: «Ýahudylar we ýokary mejlis bilelikde Pawlus hakdaky maglumatlary doly öwrenmek bahanasy bilen, ony ertir mejlise getirmegi senden haýyş etmek üçin dilleşdiler.


Pawlusyň bu sözünden soňra fariseýler bilen saddukeýleriň arasyna agzalalyk düşüp, ýygnanan mähelle ikä bölündi.


Edil bu adamlar ýaly, men hem dogrularyň-da, dogry dälleriň-de ölümden direljekdigine Hudaýa umyt baglaýaryn.


Olaryň öňünde durup, belent ses bilen: „Ölüler direlýär diýenim üçin bu gün siziň öňüňizde höküm edilýärin“ diýdim. Mundan başga meniň näme aýybym bar?»


Şu sebäpden men siziň bilen görşüp, söhbet etmek üçin, sizi bu ýere çagyrdym. Aslynda men Ysraýylyň umydy bolan Mesih ugrunda zynjyrlandym».


Men dünýä inenimden sekizlenji günde sünnet edilendirin. Men ysraýyl halkynyň benýamin tiresinden bolup, ýewreýleriň ýewreýidirin. Ýahudylaryň Kanunyny berjaý etmek babatda hem fariseýdirin.


Bu imanyňyz we söýgiňiz umydyňyzdan, hawa, gökde size garaşýan zatlara baglaýan umydyňyzdan döreýär. Siz özüňize gelip gowşan hakykat sözi bolan Hoş Habarda bu umyt barada öň eşidensiňiz.


Bu umyt janymyzy berk hem howpsuz saklaýandyr, ol göklerdäki çadyryň tutusynyň aňyrsyna geçýändir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan