Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 23:11 - Mukaddes Kitap

11 Şol gije Reb Isa Pawlusa görnüp, oňa: «Mert bol! Sen Men hakda Iýerusalimde nähili şaýatlyk eden bolsaň, Rimde-de şeýle şaýatlyk etmelisiň» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Шол гиҗе Реб Иса Павлуса гөрнүп, оңа: «Мерт бол! Сен Мен хакда Иерусалимде нәхили шаятлык эден болсаң, Римде-де шейле шаятлык этмелисиң» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 23:11
27 Iomraidhean Croise  

Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin.


Eý, ýer gurçugy Ýakup, eý, Ysraýyl adamlary, gorkmaň! Size kömek ederin. Muny Men – Reb, Ysraýylyň Mukaddesi, Penakäriňiz aýdýandyr.


Seniň bilen bolaryn suwlardan geçeniňde, derýalardan geçeniňde, seni gark etmez olar, oduň içinden ýöräniňde ýanmarsyň, ýalyn ýakmaz seni.


Owaldan ahyra boljagy, heniz bolmadyklary aýan edýärin. Men: «Berjaý bolar maksatlarym, bar isleglerimi amal ederin» diýýärin.


Emma Isa dessine olara söz gatyp: «Dogumly boluň! Bu – Men, gorkmaň!» diýdi.


Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.


Birnäçe adam Onuň ýanyna düşekde ýatan bir ysmazy getirdi. Isa olaryň imanyny görende, ysmaza: «Oglum, dogumly bol, seniň günäleriň ötüldi» diýdi.


Sebäbi meniň bäş doganym bar. Bu gynalýan ýere düşmezleri ýaly, Lazar baryp şeýle ýeriň bardygyny olara duýdursyn“ diýýär.


Men sizi ýetim goýmaryn, ýene ýanyňyza gaýdyp gelerin.


Bu zatlary size Mende rahatlygyňyz bolsun diýip aýtdym. Bu dünýäde gaýgy-gussaňyz bolar, ýöne mert boluň. Men dünýäni ýeňdim!» diýdi.


Bir gije Reb görnüş arkaly Pawlusa şeýle diýdi: «Gorkma, geple, dymma!


Bu wakalardan soň, Pawlus Makedoniýanyň we Ahaýanyň üstünden geçip, Iýerusalime gitmegi ýüregine düwdi. Pawlus: «Ol ýerde bolanymdan soň, Rimi hem görmegim gerek» diýdi.


Dawut Ol hakda şeýle diýipdi: „Reb elmydama gözlerimiň öňünde; sarsdyrylmaryn, çünki Ol meniň sagymda.


Indi bolsa Mukaddes Ruha boýun egip, Iýerusalime gidýärin. Ol ýerde başyma nämeleriň geljegini bilemok.


Sen görüp-eşidenleriňi ähli ynsanlara ýaýyp, Onuň üçin şaýatlyk edersiň.


Men Rebbim Isany gördüm, Ol maňa: „Tiz bol, dessine Iýerusalimden git, sebäbi olar seniň Men hakdaky şaýatlygyňy kabul etmezler“ diýdi.


Eýsem men azat dälmi näme? Ýa men resul dälmi? Men Rebbimiz Isa Mesihi öz gözüm bilen görmedimmi näme? Eýsem siz meniň Reb üçin çeken zähmetimiň netijesi dälmi?


Şunlukda, meniň Mesih sebäpli tussag edilendigim köşk goragçylaryna we beýlekileriň baryna mälim boldy.


Ýöne Reb meni ýeke goýmady. Hoş Habaryň men arkaly doly wagyz edilip, ähli milletleriň hem ony eşitmegi üçin, Ol maňa gujur-gaýrat berdi. Reb meni ölümiň penjesinden halas etdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan