Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 23:10 - Mukaddes Kitap

10 Dawa-jenjel şeýle bir gyzdy welin, müňbaşy olaryň Pawlusy parçalamaklaryndan heder edip, esgerlere gelip, ony olaryň arasyndan süýräp çykaryp, gala äkitmegi buýurdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Дава-җенҗел шейле бир гызды велин, мүңбашы оларың Павлусы парчаламакларындан хедер эдип, эсгерлере гелип, оны оларың арасындан сүйрәп чыкарып, гала әкитмеги буюрды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 23:10
16 Iomraidhean Croise  

Ýa Beýik Hudaýym! Seni pena edinýärin men, meni yzarlaýanlaryň baryndan halas et, gutar.


Halkymyň hamyny soýup, etini iýýärsiňiz, süýeklerini döwüm-döwüm edip, gazana, taba atyljak et kimin dograýarsyňyz».


Esgerler Pawlusy ýaňy galanyň içine alyp girenlerinde, ol müňbaşa: «Senden bir zat sorap bilerinmi?» diýdi. Müňbaşy haýran galyp: «Sen grekçe bilýäňmi?


Şonda müňbaşy Pawlusyň gala äkidilmegini buýurdy. Halkyň näme üçin onuň üstüne gygyrýandygyny bilmek üçin, ony gamçylap, soraga çekilmegini isledi.


Emma Pawlusyň ýegeni olaryň dildüwşük guranyny eşidip, gala bardy-da, muny Pawlusa habar berdi.


Ýahudylar bu adamy tutup öldürjek bolup durkalar, men onuň rimlidigini bilip, esgerlerim bilen ýetişip, ony halas etdim.


Onuň näme aýybynyň bardygyny bilmek üçin, ony ýahudylaryň ýokary mejlisine alyp geldim.


Ertesi gün atly esgerler Pawlus bilen bile ýollaryny dowam etdirdiler, beýlekiler bolsa gala dolandylar.


Men elmydama ýolda bolmak bilen, derýalarda howp-hatarlara uçradym; garakçylardan, öz ilimden, başga milletlerden ýaňa howp astynda gezdim. Şäherde, çölde, deňizde, dogansumaklaryň arasynda howp-hatarlara uçradym.


Eý, söýgüli doganlarym, muňa üns beriň: her bir adam eşitmekde çalt, geplemekde assa, gaharlanmakda haýal bolsun.


Emma kalbyňyzda bahyllyk we men-menlik bar bolsa, onda danalyk bilen öwünmäň. Bu aňrybaş ýalançylyk bolar!


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan