Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 22:7 - Mukaddes Kitap

7 Men ýere ýykyldym. Şol wagt: „Şawul, Şawul, näme üçin sen Maňa azar berýärsiň?“ diýen sesi eşitdim.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Мен ере йыкылдым. Шол вагт: „Шавул, Шавул, нәме үчин сен Маңа азар берйәрсиң?“ диен сеси эшитдим.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 22:7
15 Iomraidhean Croise  

Şol wakalardan soň Hudaý Ybraýymy synady. Hudaý oňa: «Ybraýym!» diýip seslendi. Ybraýym Oňa: «Lepbeý» diýip jogap berdi.


Onsoň Rebbiň perişdesi oňa gökden: «Ybraýym! Ybraýym!» diýip gygyrdy. Ybraýym Oňa: «Lepbeý» diýip jogap berdi.


Hudaýymyz Reb adamy çagyryp: «Sen nirede?» diýdi.


Reb Musanyň ýakynlaşyp gelýändigini görende, çalynyň içinden oňa: «Musa! Musa!» diýip seslendi. Musa: «Lepbeý» diýip jogap berdi.


Reb şeýle diýýär: „Menden uzaklaşar ýaly, ata-babalaryňyz Menden näme ýamanlyk gördüler? Biderek zatlaryň yzyna eýerip, özleri-de biderek boldular.


Şonuň üçin hem Men ýene bir gezek sizi ýazgarýaryn. Muny Reb aýdýandyr. Men siziň çagalaryňyzyň çagalaryny hem ýazgarýaryn.


Şonda olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, muny bu iň pes saýylýanlardan birine etmedigiňizi, Maňa-da eden dälsiňiz“ diýip jogap berdi.


Pilat: «Näme üçin? Ol näme ýamanlyk etdi?» diýip sorady. Emma olar: «Ony haça çüýle!» diýip, has beter gygyryşdylar.


Günorta wagty Damaska golaýlap barýarkam, birdenkä asmandan parlak nur daş-töweregime ýagty saçdy.


Men: „Agam, sen kim?“ diýip soradym. Ol maňa: „Men seniň azar berýän nasyraly Isaň“ diýip jogap berdi.


Şawul ýere ýykyldy. Şonda ol: «Şawul! Şawul! Näme üçin Maňa azar berýärsiň?» diýen sesi eşitdi.


Men ozallar Isa Mesihe dil ýetirip, azar berip, zalymlyk baryny edipdim. Ýöne men bularyň baryny bilmezlikden we imansyzlykdan edenim üçin, maňa rehim edildi.


Reb gelip, ol ýerde durdy we: «Şamuwel! Şamuwel!» diýip, ýene öňküleri ýaly ony çagyrdy. Şamuwel: «Ýa Reb, aýdyber, guluň diňleýär» diýip jogap berdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan