Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 22:6 - Mukaddes Kitap

6 Günorta wagty Damaska golaýlap barýarkam, birdenkä asmandan parlak nur daş-töweregime ýagty saçdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Гүнорта вагты Дамаска голайлап баряркам, бирденкә асмандан парлак нур даш-төверегиме ягты сачды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 22:6
11 Iomraidhean Croise  

Ybram esgerlerini toparlara bölüp, gije şalaryň üstüne çozup, olary derbi-dagyn etdi. Soňra Ybram olary ýene Damaskdan demirgazykda ýerleşen Hobaha çenli kowdy.


Ybram: «Eý, Hökmürowan Reb, Sen maňa näme berjek? Meniň heniz-de perzendim ýok. Hojalygym damaskly Eligezere miras galar.


Dawut Damaskda ýaşaýan siriýalylaryň arasynda goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Siriýalylar Dawuda tabyn bolup, oňa salgyt tölediler. Dawudyň baran ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi.


Aýyň ýüzi gyzarar, Gün utanar; Hökmürowan Reb Sion dagynda, Iýerusalimde höküm sürer, Ýaşulularynyň öňünde Öz şöhratyny görkezer.


Şol ýerde olaryň gözüniň alnynda Onuň keşbi üýtgedi. Onuň ýüzi Gün kimin parlady, eginbaşy ap-ak bolup, yşyk saçdy.


Men ýere ýykyldym. Şol wagt: „Şawul, Şawul, näme üçin sen Maňa azar berýärsiň?“ diýen sesi eşitdim.


Şeýlelikde, uly galmagal turdy. Fariseýleriň tarapyny tutýan käbir Töwrat mugallymlary ýerinden turup, uly dawa turuzdylar. Olar: «Biz bu adamda hiç hili aýyp tapmadyk. Onuň bilen bir ruh ýa perişde gepleşen bolsa näbilýäňiz?» diýdiler.


Iň soňunda bolsa maňa, ýagny şeýle derejä asla mynasyp bolmadyga göründi.


Sag elinde ýedi ýyldyz bardy, agzyndan iki ýüzli kesgir gylyç çykyp durdy. Onuň ýüzi süýrgünortanyň Güni kimin parlaýardy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan