Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 22:5 - Mukaddes Kitap

5 Aýdýanlarymyň hakykatdygyny baş ruhany bilen tutuş mejlis tassyklap biler. Men hatda olardan Damaskdaky ýahudy doganlarymyzy tutmaga rugsat hatyny hem aldym. Olaryň elini-aýagyny baglap, Iýerusalime getirip, jezalandyrmak maksady bilen Damaska tarap ýola düşdüm.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Айдянларымың хакыкатдыгыны баш руханы билен тутуш меҗлис тассыклап билер. Мен хатда олардан Дамаскдакы яхуды доганларымызы тутмага ругсат хатыны хем алдым. Оларың элини-аягыны баглап, Иерусалиме гетирип, җезаландырмак максады билен Дамаска тарап ёла дүшдүм.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 22:5
21 Iomraidhean Croise  

Daň atanda, ýolbaşçy ruhanylar we Töwrat mugallymlary halkyň beýleki ýaşululary bilen ýygnanyşyp, Ony özleriniň mejlisine getirdiler.


Bir gün Petrus ýygnanyşan ýüz ýigrimä golaý doganlaryň ortasynda durup, şeýle diýdi:


Eý, doganlar, Ybraýymyň nesilleri! Eý, Rebbe sežde edýän keseki milletler! Halasgärimiz baradaky bu habar bize berildi.


Doganlar! Beýik atamyz Dawut hakda meniň size aç-açan aýtmagym gerek. Ol öldi, jaýlandy, mazary bolsa biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr.


«Eý, doganlar, atalar! Indi meniň özümi aklap aýtjak sözüme gulak asyň».


Pawlus ýokary mejlise dykgat bilen seredip: «Eý, doganlar! Men şu güne çenli Hudaýyň öňünde arassa wyždan bilen ýaşadym» diýdi.


Pawlus olaryň bir böleginiň saddukeýler, beýleki böleginiň-de fariseýlerdigini bilip: «Eý, doganlar, men fariseý, fariseýiň ogludyryn. Men ölüleriň direlýändigine umyt baglaýandygym üçin höküm edilýärin!» diýip, mejlisde batly gygyrdy.


Men bu ýamanlygy Iýerusalimde etdim hem. Ýolbaşçy ruhanylardan ygtyýar alyp, imanlylaryň köpüsini zyndana dykdym. Olar ölüme höküm edilende, muny iki elläp goldadym.


Men bir sinagogadan beýlekisine aýlanyp, olary gaýta-gaýta jezalandyrdym, imandan dänmäge mejbur etdim. Olara garşy gahar-gazaba münüp, hatda keseki şäherlere çenli olary yzarladym.


Günleriň bir güni şu maksat bilen ýolbaşçy ruhanylardan ygtyýarnama we tabşyryk alyp, Damaska tarap ýola düşdüm.


Üç günden soň Pawlus ýahudylaryň ýolbaşçylaryny çagyrdy. Olar bir ýere üýşende, Pawlus olara şeýle diýdi: «Eý, doganlar! Men halkymyza ýa-da ata-babalarymyzyň adatlaryna garşy hiç zat etmesem-de, Iýerusalimde tussag edilip, rimlileriň eline tabşyryldym.


Olar Pawlusa şeýle diýdiler: «Biz sen hakda Ýahudyýadan hiç bir hat almadyk, ol ýerden gelen doganlarymyzdan hem hiç kim sen barada ýagşydan-ýamandan hiç zat habar bermedi.


Eý, dostlar, edil öz ýolbaşçylaryňyz ýaly, siziň-de düşünmezlikden şeýle hereket edendigiňizi bilýärin.


Ertesi gün ýahudylaryň ýolbaşçylary, ýaşululary we Töwrat mugallymlary Iýerusalime ýygnandylar.


Resullar muny eşidenlerinde, gün dogan badyna ybadathana gelip, halka öwretmäge başladylar. Bu aralykda baş ruhany bilen onuň ýanyndakylar gelip, ýokary mejlisi we ysraýyl halkynyň ähli ýaşulularyny bir ýere çagyrdylar. Onsoň zyndandan resullary getirmäge adam ýolladylar.


Seniň yzyňa eýeren her bir adamy tussag etmäge onuň bu ýerde-de ýolbaşçy ruhanylardan ygtyýar haty bar».


Siz meniň ýahudylaryň dinindekäm ýaşan durmuşym barada eşidensiňiz: men Hudaýyň ýygnaklaryny güýçli yzarlap, olary ýok etmekçidim.


Din ugrundaky yhlas diýseňiz, imanlylar ýygnagyna azar berdim. Mukaddes Kanuna daýanýan dogrulyk diýseňiz, aýypsyzdym.


Pygamberlik sözi arkaly we ýygnak ýolbaşçylarynyň seniň üstüňe el goýmagy bilen özüňe berlen peşgeşi äsgermezlik etme.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan