Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 22:3 - Mukaddes Kitap

3 «Men ýahudydyryn. Kilikiýanyň Tarsus şäherinde doguldym, emma şu şäherde ulaldym. Bu ýerde Gamaliýeliň şägirdi bolup, ata-babalarymyzyň kanunynyň berk adatlaryna görä tälim aldym. Bu günki siziň bolşuňyz ýaly, menem Hudaýa juda yhlaslydym.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 «Мен яхудыдырын. Киликияның Тарсус шәхеринде догулдым, эмма шу шәхерде улалдым. Бу ерде Гамалиелиң шәгирди болуп, ата-бабаларымызың канунының берк адатларына гөрә тәлим алдым. Бу гүнки сизиң болшуңыз ялы, менем Худая җуда ыхласлыдым.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 22:3
27 Iomraidhean Croise  

Patyşa gibgonlylary çagyryp, olar bilen gepleşdi. (Gibgonlylar ysraýyllardan däldirler, olar amorlaryň galyndylarydy. Ysraýyllar olara degmejekdiklerine ant içipdiler, ýöne Ysraýyl bilen Ýahuda bolan yhlasy sebäpli, Şawul olary ýok etjek bolýardy.)


Elýaşa Gilgala dolanyp baranda, ýurtda açlyk höküm sürýärdi. Pygamberler topary onuň öňünde otyrdy. Elýaşa hyzmatkärine ýüzlenip: «Uly gazany atar-da, pygamberlere çorba bişirip ber» diýdi.


Bu aýalyň Merýem atly bir gyz dogany bardy. Ol Reb Isanyň alkymyna baryp oturyp, Onuň sözlerini diňleýärdi.


Üç günden soň, Ony ybadathananyň howlusyndan tapdylar. Ol din mugallymlarynyň arasynda oturyp, olary diňläp, soraglar berýärdi.


Halk bolan wakany görmek üçin geldi. Olar Isanyň ýanyna gelenlerinde, içinden arwah-jyn çykan adamyň geýnip, Isanyň aýagujunda oturandygyny, akylynyň hem ýerindedigini görüp gorkdular.


Onsoň Barnap Şawuly gözläp, Tarsusa gitdi.


Ellerine şu haty berip, olary ugratdylar: «Siziň doganlaryňyz bolan biz resullar we ýolbaşçylar Antiýohda, Siriýada, Kilikiýada ýaşaýan ýahudy däl imanly doganlara salam ýollaýarys.


Olar Siriýa, Kilikiýa aýlanyp, ýygnaklary berkitdiler.


Olar muny eşidip, Hudaýy şöhratlandyrdylar. Soňra Pawlusa şeýle diýdiler: «Görýäňmi, dogan, ýahudylaryň arasynda müňlerçe imanly bar. Olaryň hemmesi-de Mukaddes Kanuna özlerini ýürekden bagyş edenler.


Pawlus: «Men ýahudy, Kilikiýanyň Tarsus şäherinden, şol meşhur şäheriň raýatydyryn. Maňa halka söz sözlemäge ygtyýar bermegiňi haýyş edýärin» diýdi.


Häkim haty okap, Pawlusyň haýsy welaýatdandygyny sorady. Pawlusyň Kilikiýadandygyny bilende bolsa:


Pawlus olaryň bir böleginiň saddukeýler, beýleki böleginiň-de fariseýlerdigini bilip: «Eý, doganlar, men fariseý, fariseýiň ogludyryn. Men ölüleriň direlýändigine umyt baglaýandygym üçin höküm edilýärin!» diýip, mejlisde batly gygyrdy.


Olar meni köp wagtdan bäri tanaýarlar, eger isleseler, maňa dinimiziň iň berk topary boýunça fariseý bolup ýaşandygyma şaýatlyk edip bilerler.


Dogrusy, menem nasyraly Isanyň adyna garşy köp ýamanlyk etmegi öz ýanymdan wajyp bilýärdim.


Emma hemmeler tarapyndan sylanýan fariseý we Töwrady öwrediji Gamaliýel atly bir agza ýerinden turup, resullary birsalym daşary çykarmagy buýurdy. Ol baş mejlisde hemmeler tarapyndan sylanýan Töwrady öwredijidi.


Emma Azatlar diýip atlandyrylýan sinagoganyň käbir agzalary Stefana garşy çykyp, onuň bilen jedelleşmäge başladylar. Olar kirineýliler, isgenderiýalylar, şeýle hem Kilikiýa we Aziýa welaýatlaryndan gelenlerdi.


Şawul Rebbiň şägirtlerine henizem ölüm howpuny salýardy. Bir gün ol baş ruhanynyň ýanyna gidip,


Reb Isa oňa şeýle diýdi: «Tur, Dogry atly köçä bar-da, Ýudasyň öýünden tarsusly Şawul diýen adamy sora. Häzir ol doga-dileg edýär.


Doganlar muny bilenlerinde, ony Kaýsariýa getirip, Tarsusa tarap ýola saldylar.


Indi şuny soraýyn: eýsem Hudaý Öz halkyny ret edäýdimikä? Elbetde, ýok! Men-de Ybraýymyň neslinden, benýamin tiresinden bolan ysraýyllaryň biridirin.


Olar ýewreými? Men-de ýewreýdirin! Olar ysraýyllymy? Men-de ysraýyllydyryn! Olar Ybraýymyň neslimi? Men-de Ybraýymyň neslidirin!


Men ýahudy deň-duşlarymyň köpüsinden ýahudylaryň dininde diýseň ilerläpdim. Ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryny saklamakda hem juda yhlaslydym.


Soňra men Siriýa we Kilikiýa sebitlerine gitdim.


Ýa Reb, Sen dogrudan-da halkyňy söýýärsiň! Ähli perişdeler goluň astynda. Olar aýagyňa ýykylyp, Senden görkezme alýarlar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan