Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 22:16 - Mukaddes Kitap

16 Indi nämä garaşýarsyň? Tur, Rebbi çagyryp, suwa çümdüril, günäleriňden saplan“ diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

16 Инди нәмә гарашярсың? Тур, Ребби чагырып, сува чүмдүрил, гүнәлериңден саплан“ дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 22:16
19 Iomraidhean Croise  

Näme üçin biz entek hem bu ýerde otyrys? Geliň, üýşüp, berk galalara çozalyň-da, ol ýerde heläk bolalyň. Rebbe garşy günä edendigimiz üçin, Hudaýymyz Reb zäherli suw berip, bizi ölüme sezewar etdi.


Petrus Oňa: «Ýok, men Saňa aýagymy asla ýuwdurmaryn!» diýdi. Emma Isa oňa: «Eger ýuwmasam, onda Meniň bilen şärikligiň bolmaz» diýip jogap berdi.


Şonda Rebbi çagyran her bir ynsan halas bolar“.


Petrus olara şeýle diýdi: «Toba ediň, her biriňiz Isa Mesihiň ady bilen suwa çümdüriliň. Şonda siziň günäleriňiz bagyşlanar we Mukaddes Ruhuň peşgeşini alarsyňyz.


Stefan öz üstüne ýagýan daşlaryň astynda Hudaýa doga edip: «Ýa Rebbim Isa! Meniň ruhumy kabul et!» diýdi.


Seniň yzyňa eýeren her bir adamy tussag etmäge onuň bu ýerde-de ýolbaşçy ruhanylardan ygtyýar haty bar».


Şol pursatda gözlerinden perde syrylan dek, Şawulyň gözleri açyldy. Ol ýerinden turup, Isanyň ady bilen suwa çümdürildi.


Hudaýyň Korintosdaky ýygnagyna dogaýy salam! Isa Mesih arkaly Hudaýyň mukaddes halky bolmaga çagyrylanlaryň baryna dogaýy salam! Şeýle-de hemmämiziň Rebbimiz bolan Isa Mesihe ybadat edýänleriň baryna dogaýy salam!


Çünki biz kim bolsak-da: ýahudymy, grekmi, gulmy, erkinmi – tapawudy ýok, barymyz bir beden bolmak üçin, bir Mukaddes Ruha çümdürildik. Biziň barymyz bir Mukaddes Ruhy kabul etdik.


Siziň-de käbirleriňiz şolar ýalydyňyz. Ýöne siz Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen Hudaýymyzyň Ruhy arkaly ýuwuldyňyz, Hudaýyň mukaddes halky bolduňyz, aklandyňyz.


Çünki suwa çümdüriliş arkaly Isa Mesih bilen birigen siziň baryňyz indi Oňa beslenensiňiz.


biz dogrulyga daýanyp eden işlerimiz arkaly däl-de, Onuň rehim-şepagaty arkaly halas edildik. Hudaý bizi Mukaddes Ruh arkaly özgerdip, gaýtadan dogluş arkaly tämizledi.


Şoňa görä, çyn ýürekden we berk ynam bilen Hudaýa ýakynlaşalyň. Mesih kalbymyzy Öz gany bilen päkläp, bizi wyždan ýazygyndan azat etdi we bedenimizi arassa suw bilen ýuwdy.


Ine, bu suw häzirki sizi halas edýän çümdürilişiň nyşanydyr. Siz suwa çümdürileniňizde bedeniňiziň kiri ýuwlandygy üçin däl-de, Isa Mesihiň direlmegi arkaly päk wyždan bilen Hudaýa tarap öwrülendigiňiz üçin halas edildiňiz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan