Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 22:12 - Mukaddes Kitap

12 Ol ýerde Hanany atly bir adam ýaşaýardy. Ol hudaýhon hem Mukaddes Kanuna berlendi, Damaskdaky ähli ýahudylaryň arasynda uly hormata eýedi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 Ол ерде Хананы атлы бир адам яшаярды. Ол худайхон хем Мукаддес Кануна берленди, Дамаскдакы әхли яхудыларың арасында улы хормата эеди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 22:12
10 Iomraidhean Croise  

Şol wagt Iýerusalimde Şimgon atly bir dogruçyl we takwa adam ýaşaýardy. Ol ysraýyl halkynyň azat edilmegine garaşýardy, Mukaddes Ruh onuň üstündedi.


Olar: «Bizi ýüzbaşy Korneliý iberdi. Ol dogry we Rebbe sežde edýän adam, ýahudy halkynyň arasynda hem onuň abraýy uludyr. Hudaýyň bir perişdesi oňa: „Petrusy öýüňe çagyryp, onuň aýtjak sözlerini diňle“ diýip buýruk beripdir» diýdiler.


Olardan käbiri Pawlus bilen Silasa ynanyp, olara goşuldylar. Şeýle hem Rebbe sežde edýän köp sanly grekler we ýokary mertebeli ençeme aýallar olara goşuldylar.


Eý, doganlar, öz araňyzdan ýedi adamy saýlaň. Olar Mukaddes Ruhdan we akyl-paýhasdan doly, atly-abraýly adamlar bolsunlar. Bu hyzmaty şolara tabşyralyň.


Emma takwa adamlar Stefany jaýlap, onuň üçin çuňňur ýas tutdular.


Adamlar bizi sylasalar-da, kemsitseler-de, myjabat ýapsalar-da, öwseler-de – biz barybir Hudaýa hyzmat edýäris. Olar bizi ýalançy saýýarlar, ýöne biz hakykaty sözleýändiris.


Biabraýlyga uçramaz ýaly we iblisiň duzagyna düşmez ýaly, ol ýygnagyň daşyndaky adamlaryň arasynda hem sylanylýan bolmalydyr.


Ata-babalarymyz iman arkaly Hudaýy hoşnut etdiler.


Demetreý bolsa hemmeler tarapyndan sylanýan adamdyr, hakykatyň özi muňa şaýatdyr. Biz hem ol hakda ýagşy pikirdediris, gepimiziň hakykatdygyny özüň bilýänsiň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan