Şeýdip, Hilkiýa ruhany, Ahykam, Akbor, Şapan we Asaýa dagy Hulda atly pygamber aýalyň ýanyna gitdiler. Hulda egin-eşik sakçysy Harhasyň agtygy, Tikwanyň ogly Şallumyň aýalydy. Ol aýal Iýerusalimiň ikinji bölüminde ýaşaýardy.
Eý, Hudaýym, Tobyýa bilen Sanballatyň bu eden işlerini unutma, şeýle hem, pygamber aýal Nogadýa bilen meni gorkuzmak islän beýleki pygamberleriň edenlerini hem unutma!
Ol ýerde segsen dört ýyldan bäri dul ýaşaýan Hanna atly garry pygamber aýal hem bardy. Ol aşer tiresinden Panuýeliň gyzydy. Ol durmuşa çykandan soňra äri bilen ýedi ýyl ýaşaşyp, dul galypdy. Bu aýal hemişe ybadathananyň howlusynda bolup, agyz bekläp, doga okap, gije-gündiz Hudaýa ybadat edýärdi.
Antiýohdaky imanlylar ýygnagynda pygamberler we mugallymlar bardy. Olar Barnap, Garaýagyz lakamly Şimgon, kirineýli Lukiý, hökümdar Hirod bilen bile ösen Manahen we Şawul dagydy.
„Hudaý şeýle diýýär: Ahyrky günlerde şeýle bolar, Men ähli ynsanlaryň üstüne Öz Ruhumy dökerin. Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz, aýanlyk alarlar ýigitleriňiz, düýşler görer garrylaryňyz.
Emma sende oňlamaýan bir zadym bar: sen özüni pygamber saýýan Izebel atly aýalyň edenlerine geçirimlilik edýärsiň. Ol Meniň bendelerimi öz taglymaty bilen azdyryp, olara zynahorlyk etdirjek bolýar, buta hödürlenen gurbanlyklardan iýdirjek bolýar.