Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 21:5 - Mukaddes Kitap

5 Biziň wagtymyz dolanda, ýene ýola düşüp, syýahatymyzy dowam etdirdik. Imanlylaryň hemmesi, aýallary we bala-çagalary bilen bile şäheriň daşyna çenli bizi ugratdy. Onsoň kenarda dyza çöküp, Hudaýa doga-dileg etdik.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Бизиң вагтымыз доланда, ене ёла дүшүп, сыяхатымызы довам этдирдик. Иманлыларың хеммеси, аяллары ве бала-чагалары билен биле шәхериң дашына ченли бизи угратды. Онсоң кенарда дыза чөкүп, Худая дога-дилег этдик.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 21:5
15 Iomraidhean Croise  

Süleýman Hudaýa dilegini, ýalbaryşyny tamamlandan soň, Rebbiň gurbanlyk sypasynyň öňünde ellerini göge gerip, dyza çöken ýerinden turdy.


Ýahuda erkekleriň bary öz ýaş çagajyklary, aýallary we ogullary bilen Rebbiň huzurynda durdular.


Şol gün olar köp gurbanlyklar berip şatlandylar. Çünki Hudaý olara uly şatlyk eçilipdi. Aýallardyr çagalar-da şatlanyşyp, Iýerusalimiň şowhuny alyslardan eşidildi.


Onuň huzuryndadyr hormat, şan-şöhrat, Onuň mekanyndadyr gözellik, kuwwat.


Mundan iýenleriň sany aýallardyr çagalardan başga bäş müňe golaý adamdy.


Isanyň ýanyna deri keseline ýolugan bir adam geldi. Ol dyzyna çöküp, Oňa: «Eger isleseň, meni bu keselden tämizläp bilersiň» diýip ýalbardy.


Özi bolsa olardan bir daş atym çete çekildi-de, dyza çöküp:


Imanlylar ýygnagy olary ýola salyp ugratdy. Olar Finikiýanyň we Samariýanyň içinden geçip, keseki milletleriň-de Hudaýy kabul edendikleri barada gürrüň berdiler. Bu habar hemme imanlylara uly şatlyk getirdi.


Doganlar şol gijäniň özünde Pawlus bilen Silasy Beriýa şäherine iberdiler. Olar şähere gelip, ýahudylaryň sinagogasyna bardylar.


Pawlus sözüni tamamlandan soň, dyza çöküp, olaryň ählisi bilen birlikde Hudaýa doga-dileg etdi.


Pawlusyň: «Indi meni hiç haçan görmersiňiz» diýen sözleri olary örän tukatlandyrdy. Soňra olar ony gämä çenli ugratdylar.


Petrus hemmäni daşary çykardy we dyza çöküp, Hudaýa doga etdi. Soňra ol jesede tarap öwrülip: «Tawita, tur!» diýdi. Aýal gözlerini açdy, Petrusy görüp, dik oturdy.


Rebbe gulluk etmegi makul görmeseňiz, onda şu gün kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň: siz Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky ata-babalaryňyzyň gulluk eden hudaýlaryna gulluk etjekmisiňiz ýa-da häzirki ýaşaýan ýeriňizdäki amorlaryň hudaýlaryna? Emma hojalygym bilen men bolsa Rebbe gulluk etjekdirin».


Tutuş Ysraýyl jemagatynyň, aýallaryň, çagalaryň we olaryň arasyndaky gelmişekleriň öňünde Ýeşuwa Musanyň ähli buýruklaryny ýeke söz hem galdyrman okady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan