Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 21:11 - Mukaddes Kitap

11 Ol biziň ýanymyza gelip, Pawlusyň guşagyny aldy-da, öz el-aýagyny baglap: «Mukaddes Ruh şeýle diýýär: „Iýerusalimdäki ýahudylar şu guşagyň eýesini şeýle baglap, keseki milletleriň eline bererler“» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Ол бизиң янымыза гелип, Павлусың гушагыны алды-да, өз эл-аягыны баглап: «Мукаддес Рух шейле диййәр: „Иерусалимдәки яхудылар шу гушагың эесини шейле баглап, кесеки миллетлериң элине берерлер“» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 21:11
34 Iomraidhean Croise  

Kenagananyň ogly Sidkiýa özüne demir şahlar ýasap, şuny jar etdi: «Reb şeýle diýýär: „Sen şu şahlar bilen siriýalylaryň üstüne hüjüm edip, olardan üstün çykarsyň“».


Şol wagt Reb Amozyň ogly Işaýa: «Git-de, egniňdäki july, aýagyňdaky çarygyňy çykar» diýdi. Işaýa şeýle edip, diňe içki geýiminde aýakýalaň geziberdi.


Reb şeýle diýdi: «Git-de, küýzegäriň toýundan ýasan bir küýzesini satyn al. Halkyň we ruhanylaryň ýaşulularyndan birnäçesini ýanyň bilen alyp,


Men pygamberlere gepledim, Men köp aýanlyk gönderdim. Pygamberleriň üsti bilen tymsallar berdim».


Bu zatlary aýdyp bolansoň, Isa şägirtleri bilen Kidron deresinden geçip, ol ýerdäki zeýtun bagyna girdi.


Bular Rebbe ybadat edip, agyz bekleýärkäler, Mukaddes Ruh: «Barnap bilen Şawuly Maňa bagyş ediň, goý, olar Meniň tabşyran işimi berjaý etsinler» diýdi.


Mukaddes Ruh tarapyndan Rebbiň sözüni Aziýa welaýatyna wagyz etmeklik bökdelensoň, Pawlus dagy Frikiýa we Galatýa ülkesinden geçdiler.


Emma Mukaddes Ruh maňa her şäherde zynjyrlara we muşakgatlara duçar boljakdygymy duýdurýar.


Şol wagt müňbaşy golaý gelip, Pawlusy tussag etdi we goşa zynjyrlar bilen baglamagy buýurdy. Soňra ol: «Bu adam kim? Ol näme etdi?» diýip sorady.


Biz şägirtleri tapyp, ol ýerde ýedi gün galdyk. Şägirtler Mukaddes Ruhuň ugrukdyrmagy bilen Pawlusa Iýerusalime gitmeli däldigini aýtdylar.


Pawlusy gamçylamak üçin baglanlarynda, Pawlus ýanynda duran ýüzbaşydan: «Rim raýatynyň hiç hili aýyby ýok hem bolsa, ony gamçylamak siziň kanunyňyza laýyk gelýärmi?» diýip sorady.


Aradan iki ýyl geçenden soň, Feliksiň ýerine Porkiý Festus häkim boldy. Feliks ýahudylaryň göwnüni awlamak üçin, Pawlusy tussaglykda goýup gitdi.


Pawlus oňa: «Gysga bolsun, uzyn bolsun, diňe sen däl, eýsem, şu gün meni diňleýänleriň bary meniň ýaly bolsun diýip Hudaýa ýalbarýaryn. Elbetde, bu zynjyrlar sizde bolmasyn» diýip jogap berdi.


Üç günden soň Pawlus ýahudylaryň ýolbaşçylaryny çagyrdy. Olar bir ýere üýşende, Pawlus olara şeýle diýdi: «Eý, doganlar! Men halkymyza ýa-da ata-babalarymyzyň adatlaryna garşy hiç zat etmesem-de, Iýerusalimde tussag edilip, rimlileriň eline tabşyryldym.


Şu sebäpden men siziň bilen görşüp, söhbet etmek üçin, sizi bu ýere çagyrdym. Aslynda men Ysraýylyň umydy bolan Mesih ugrunda zynjyrlandym».


Olar biri-biri bilen özara ylalaşmadylar. Olar gitmekçi bolup durkalar, Pawlus şeýle diýdi: «Işaýa pygamber arkaly Mukaddes Ruh ata-babalaryňyza şu sözleri jaýdar aýdypdyr:


Mukaddes Ruh Filipe: «Bar, arabanyň ýanyndan ýöre!» diýdi.


Meniň adym ugrunda nähili azap çekmelidigini Men oňa görkezerin» diýdi.


Şu sebäpli Isa Mesihiň ugrunda tussaglykda oturan men-Pawlus siz ýahudy däller üçin Hudaýa dileg edýärin.


Rebbiň ugrunda tussaglykda bolan men sizden Hudaýdan alan çagyrylyşyňyza mynasyp ýaşamagyňyzy haýyş edýärin.


Sebäbi men Hoş Habaryň zynjyrlar bilen baglanan ilçisidirin. Muny gorkman, bolmalysy ýaly yglan edip bilmegim üçin dileg ediň.


Mukaddes Ruh ahyrky günlerde käbir adamlaryň imandan dänip, azdyryjy ruhlara we jynlaryň taglymatlaryna eýerjekdiklerini aýdyň aýdýar.


Men Hoş Habaryň ugrunda görgi baryny görüp, jenaýatçy kimin tussag edildim. Emma Hudaýyň Hoş Habaryny tussag edip bolýan däldir!


Tussagdakylaryň-da dertlerini deň çekişdiňiz, özüňizde has oňat hem baky baýlygyň bardygyny bilip, emlägiňiziň alynmagyny şatlyk bilen kabul etdiňiz.


Şonuň üçin Mukaddes Ruhuň aýdyşy ýaly: «Bu gün siz Meniň sesimi eşitseňiz,


Şonda bu habaryň pygamberler üçin däl-de, siziň üçindigi aýan boldy. Häzirki wagtda bolsa gökden berlen Hoş Habar size Mukaddes Ruhuň gudraty bilen wagyz edilýär. Bu zatlara hatda perişdeler-de düşünmäge çalyşdylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan