Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 20:7 - Mukaddes Kitap

7 Hepdäniň birinji güni bile çörek iýmäge ýygnanyşdyk. Pawlus ertesi gün ýola düşmekçidi, şonuň üçin ýarygijä çenli wagyz etdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Хепдәниң биринҗи гүни биле чөрек иймәге йыгнанышдык. Павлус эртеси гүн ёла дүшмекчиди, шонуң үчин ярыгиҗә ченли вагыз этди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 20:7
22 Iomraidhean Croise  

Onsoň ol Suw derwezesiniň öňündäki meýdançada erkekleriň we aýallaryň we beýleki düşünip biljekleriň öňünde ir ertirden günortana çenli ony okady. Bütin halk Töwrady üns berip diňledi.


Duran ýerlerinden ör turup, günüň dörtden bir bölegini öz Hudaýy Rebbiň Töwradyny okap geçirdiler we beýleki dörtden birinde bolsa günälerini boýun alyp, öz Hudaýy Rebbe sežde etdiler.


Isa hepdäniň birinji güni ir bilen direldi. Ol ilki bilen magdalaly Merýeme göründi. Isa onuň içinden ýedi arwah-jyny kowup çykarypdy.


Onsoň çöregi aldy-da, şükür etdi, ony döwüp, şägirtlere berip: «Bu Meniň siziň üçin gurban edilýän bedenimdir, muny Meni ýada salmak üçin berjaý ediň» diýdi.


Onsoň ol ikisi ýolda bolan wakalary, Isa çöregi bölende, Ony tanandyklaryny gürrüň berdiler.


Hepdäniň birinji güni, entek alagaraňkyka, magdalaly Merýem irden mazara bardy. Görse, mazaryň agzyndan daş aýrylypdyr.


Hepdäniň şol ilkinji güni agşamara Isanyň şägirtleri üýşüp, ýahudylardan gorkularyna gapylary gulplap otyrdylar. Birdenkä Isa olaryň arasynda peýda bolup: «Size rahatlyk bolsun!» diýdi.


Sekiz günden soň, şägirtler ýene öýde üýşüp otyrdylar. Bu gezek Tomas hem olaryň arasyndady. Gapylar gulply bolsa-da, Isa öýe girip, olaryň arasynda durdy. Ol: «Size rahatlyk bolsun!» diýdi.


Pawlus bu görnüşi görensoň, Hudaý bizi olara Hoş Habary wagyz etmäge çagyrýar diýen netijä gelip, biz dessine Makedoniýa tarap ýola düşdük.


Olar resullaryň taglymatyny öwrenmäge, ýakyn gatnaşykda ýaşamaga, bile çörek iýmäge we doga-dileg etmäge yhlasly ýapyşdylar.


Olar bir adam ýaly bolup, her gün ybadathanada ýygnanardylar. Biri-biriniňkä myhmançylyga baryp, çöregi bölüşip iýýärdiler. Çyn ýürekden şatlanyp naharlaryny paýlaşardylar.


Onsoň ýene ýokary çykdy, bile çörek iýdi we olar bilen daň atýança söhbet etdi. Soňra bolsa ýola düşdi.


Şonuň üçin hüşgär boluň. Üç ýyllap gije-gündiz gözýaşlarym bilen her biriňize üznüksiz nesihat edenimi ýadyňyzda saklaň.


Bular öňden gidip, Troasda bize garaşdylar.


Ýewtuk atly bir ýaş ýigit penjirede otyrdy. Pawlus gürrüňini dowam edýärkä, Ýewtugy uky basyp, üçünji gatdan ýykyldy. Ony baryp görenlerinde, ol eýýäm jan beren eken.


Şeýlelikde, olar Pawlus bilen duşuşyk gününi belleşdiler. Şol gün onuň bolýan ýerine juda köp adam geldi. Pawlus ertirden agşama çenli olara Hudaýyň Şalygyny düşündirip, wagyz etdi. Mundan başga-da olary ynandyryp, Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan Isa dogrusynda ynandyryjy deliller getirdi.


Eýsem biz şükür edip, şükür käsesinden içenimizde, Mesihiň ganyna şärik bolmaýarysmy? Çöregi bölüp iýenimizde, Mesihiň bedenine şärik bolmaýarysmy?


Emma men nähili bolsam-da, diňe Hudaýyň merhemeti arkaly şeýle boldum. Onuň maňa eden merhemeti puja çykmady: men hemmelerden-de köp zähmet çekdim. Aslynda muny men däl-de, maňa ýar bolan Hudaýyň merhemeti etdi.


Men ýanyňyza baranymda ýygnama zerurlygy bolmaz ýaly, heriňiz her hepdäniň birinji güni öz ýagdaýyna görä belli mukdarda pul süýşürip, ýanynda saklasyn.


pursadyň amatly bolup-bolmazlygyna garama-da, Hoş Habary dyngysyz wagyz et. Günä edýänleri paş edip, olary ýazgar, sabyrlylyk bilen öwüt-ündew berip, taglymaty öwret.


Rebbiň gününde Oňa sežde edýärkäm, meniň üstüme Mukaddes Ruh indi. Onsoň men ýeňse tarapymda surnaýyňky ýaly güýçli bir ses eşitdim. Ol ses:


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan