Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 20:6 - Mukaddes Kitap

6 Biz hem Petir baýramyndan soňra Filipiden gämi bilen ýola düşdük. Bäş günde olaryň ýanyna – Troasa gelip ýetdik. Ol ýerde ýedi gün bolduk.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Биз хем Петир байрамындан соңра Филипиден гәми билен ёла дүшдүк. Бәш гүнде оларың янына – Троаса гелип етдик. Ол ерде еди гүн болдук.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 20:6
18 Iomraidhean Croise  

Petir baýramyny belläň. Meniň buýruşym ýaly, Abyp aýynyň bellenen günlerinde ýedi günläp petir iýiň, çünki siz Müsürden şol aýda çykdyňyz. Meniň öňümde hiç kim eli boş görünmesin.


Petir baýramyny belläň. Meniň size buýruşym ýaly, Abyp aýynyň bellenen günlerinde ýedi günläp petir iýiň, sebäbi siz Müsürden Abyp aýynda çykdyňyz.


Ol munuň ýahudylaryň göwnünden turandygyny görüp, soňra Petrusy-da tussag etdi. Bu waka Petir baýramy günlerinde bolup geçdi.


Pawlus bu görnüşi görensoň, Hudaý bizi olara Hoş Habary wagyz etmäge çagyrýar diýen netijä gelip, biz dessine Makedoniýa tarap ýola düşdük.


Ol ýerden-de Makedoniýanyň esasy welaýatynda ýerleşýän Filipi şäherine geldik. Bu şäher Rime garaşlydy. Biz birnäçe günläp ol ýerde galdyk.


Onsoň Misýanyň üsti bilen Troasa gitdiler.


Pawlus Aziýa welaýatynda wagtyny ýitirmezlik üçin, Efesiň gapdalyndan geçip gitmegi ýüregine düwdi. Ol Iýerusalime ýetmäge howlugýardy, sebäbi Ellinji gün baýramy güni ol ýerde bolmak isleýärdi.


Bular öňden gidip, Troasda bize garaşdylar.


Biz şägirtleri tapyp, ol ýerde ýedi gün galdyk. Şägirtler Mukaddes Ruhuň ugrukdyrmagy bilen Pawlusa Iýerusalime gitmeli däldigini aýtdylar.


Ertesi gün biz ýola düşüp, birnäçe günden Kaýsariýa geldik we hoş habarçy Filipiň öýünde galdyk, ol saýlanan ýedi ýolbaşçynyň biridi.


Ol ýerde birnäçe doganlary tapdyk. Olar bizden ýanlarynda galmagymyzy haýyş etdiler we biz ol ýerde iki hepde galdyk. Şondan soň biz Rime geldik.


Isa Mesihiň gullary bolan men Pawlusdan we Timoteosdan Isa Mesih arkaly Hudaýyň halkyna degişli bolan filipilileriň baryna, şol sanda ýygnak ýolbaşçylaryna we hyzmatçylaryna dogaýy salam!


Biziň ozal Filipide horluk çekendigimizi, kemsidilendigimizi hem bilýänsiňiz. Indi bolsa bärde-de garşylyga duçar bolduk. Emma muňa garamazdan, Hudaý Öz Hoş Habaryny size hem wagyz etmek üçin bize gujur-gaýrat berdi.


Gaýdanyňda, ýol ugruna Troasda Karbyň ýanynda goýup gaýdan donumy, kitaplarymy, ylaýta-da teletinden edilen kitaplary alyp gaýt.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan