Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 20:4 - Mukaddes Kitap

4 Beriýadan Pirrosyň ogly Sopater, Salonikiden Aristarh bilen Sekond, Derbeden Gaýus hem Timoteos, şeýle hem Aziýa welaýatyndan Tihik bilen Trofym dagy onuň bilen bile gitdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Бериядан Пирросың оглы Сопатер, Салоникиден Аристарх билен Секонд, Дербеден Гаюс хем Тимотеос, шейле хем Азия велаятындан Тихик билен Трофым дагы онуң билен биле гитдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 20:4
29 Iomraidhean Croise  

Emma şägirtler daşyna üýşenlerinde, Pawlus ýerinden turup, şähere gaýtdy. Ertesi gün ol Barnap bilen Derbä tarap ýola düşdi.


Resullar mundan habarly bolansoňlar, Likaoniýanyň Listra, Derbe şäherlerine we olaryň daş-töweregine gaçdylar.


Pawlus Derbe we Listra şäherlerine geldi. Listrada Timoteos atly Isanyň bir şägirdi bardy. Onuň ejesi imanly ýahudydy, kakasy bolsa grekdi.


Mukaddes Ruh tarapyndan Rebbiň sözüni Aziýa welaýatyna wagyz etmeklik bökdelensoň, Pawlus dagy Frikiýa we Galatýa ülkesinden geçdiler.


Pawlus bilen Silas Anfipol we Apoloniýa şäherleriniň içinden geçip, Salonikä geldiler. Ol ýerde ýahudylaryň bir sinagogasy bardy.


Emma Salonikidäki ýahudylar Pawlusyň Beriýada Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz edendigini bilenlerinde, ol ýere hem gitdiler. Olar halky öjükdirip, howsala saldylar.


Şeýdip, bütin şäher galagopluga düşdi. Halk makedoniýaly Gaýus bilen Aristarhy tutup, olary tomaşa meýdanyna süýräp getirdi. Bu ikisi ýolda Pawlusa ýoldaş bolupdylar.


Aramyzda Parfiýadan, Madaýdan, Eýlamdan, Mesopotamiýadan, Ýahudyýadan, Kappadokiýadan, Pontusdan we Aziýadan gelenler bar.


Pawlus Aziýa welaýatynda wagtyny ýitirmezlik üçin, Efesiň gapdalyndan geçip gitmegi ýüregine düwdi. Ol Iýerusalime ýetmäge howlugýardy, sebäbi Ellinji gün baýramy güni ol ýerde bolmak isleýärdi.


Ýolbaşçylar Pawlusyň ýanyna gelenlerinde, olara şeýle diýdi: «Meniň Aziýa welaýatyna gelen ilkinji günümden bäri siziň ýanyňyzda nähili ýaşandygymy özüňiz bilýänsiňiz.


Beýle diýmekleriniň sebäbi, munuň öň ýany efesli Trofymy şäherde Pawlus bilen bile görüpdiler we Pawlus ony-da ybadathana getirendir öýdüp pikir edýärdiler.


Biziň hemmämiz Adramit şäherinden gelen gämä münüp, Aziýa welaýatynyň kenaryna tarap ýola düşdük. Ýanymyzda Salonikiden gelen makedoniýaly Aristarh hem bardy.


Işdeşim Timoteos, tiredeşim Lukiý, Ýason we Sosipater dagy size salam ýollaýarlar.


Men Pawlusy myhman alyp, ýygnaklary öz öýünde geçirmäge mümkinçilik döreden Gaýus size salam ýollaýar. Şäheriň gaznaçysy Erast we doganymyz Kuwart size salam ýollaýar.


Hudaýyň yradasy bilen Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan we doganymyz Timoteosdan Hudaýyň Korintosdaky ýygnagyna, şeýle-de tutuş Ahaýa welaýatyndaky Hudaýyň halkynyň baryna dogaýy salam!


Men, Silwan we Timoteos dagy araňyzda Hudaýyň Ogly Isa Mesih barada wagyz etdik. Biziň wagyz eden Isa Mesihimiz hem «hawa», hem «ýok» diýen däldir. Hudaý Isa Mesih arkaly «hawa» diýýändir.


Meniň ýagdaýymy, näme edýänimi siziň-de bilmegiňiz üçin, söýgüli doganymyz, Rebbiň sadyk hyzmatkäri Tihik size hemme zady gürrüň berer.


Rebbimiz Isa ýol berse, ýagdaýlaryňyzy bilip ynjalmak üçin, tiz wagtda ýanyňyza Timoteosy ibererin diýip umyt edýärin.


Meniň bilen tussaglykda bolýan ýoldaşym Aristarh bilen Barnabyň ýegeni Mark hem size salam ýollaýar. Mark baradaky buýruklary alansyňyz. Ýanyňyza barsa, ony kabul ediň.


Rebbiň sadyk hyzmatkäri bolan söýgüli işdeşimiz hem doganymyz Tihik men hakda size ähli zady habar berer.


Halasgärimiz Hudaýyň we umydymyz bolan Isa Mesihiň buýrugyna görä Onuň resuly men Pawlusdan


Tihiki bolsa Efese ýolladym.


Erast Korintosda galdy. Trofymy bolsa ýarawsyzlygy sebäpli Militosda galdyrmaly boldum.


Men Artamy ýa-da Tihiki seniň ýanyňa ýollamakçy. Olardan biri barandan soň, gaýrat edip, Nikopolise, meniň ýanyma geljek bol. Sebäbi men gyşy şu ýerde geçirmegi ýüregime düwdüm.


Çyn ýürekden söýýän eziz dostum Gaýusa men ýaşuludan dogaýy salam.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan