Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 20:23 - Mukaddes Kitap

23 Emma Mukaddes Ruh maňa her şäherde zynjyrlara we muşakgatlara duçar boljakdygymy duýdurýar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

23 Эмма Мукаддес Рух маңа хер шәхерде зынҗырлара ве мушакгатлара дучар болҗакдыгымы дуйдуряр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 20:23
14 Iomraidhean Croise  

Sebäbi meniň bäş doganym bar. Bu gynalýan ýere düşmezleri ýaly, Lazar baryp şeýle ýeriň bardygyny olara duýdursyn“ diýýär.


Bu zatlary size Mende rahatlygyňyz bolsun diýip aýtdym. Bu dünýäde gaýgy-gussaňyz bolar, ýöne mert boluň. Men dünýäni ýeňdim!» diýdi.


Olar şägirtleri ruhlandyrdylar we olara imanda berk durmagy ündäp: «Hudaýyň Şalygyna girmegimiz üçin, biziň köp muşakgatlary başdan geçirmegimiz gerek» diýýärdiler.


Silas bilen Timoteos Makedoniýadan gelenlerinden soň, Pawlus tutuş wagtyny Isa hakdaky habary wagyz etmäge bagyşlady. Ol ýahudylara Isanyň Mesihdigi barada şaýatlyk etdi.


Men ýahudylaryň-da, grekleriň-de toba edip, Hudaýa dolanmaga we Rebbimiz Isa Mesihe iman etmäge çagyrdym.


Muňa garamazdan, janymy özüm üçin gymmatly hasaplamaýaryn. Men diňe pellehana ýetmek we Rebbimiz Isanyň tabşyran işini doly amala aşyrmak isleýärin. Bu iş Hudaýyň merhemeti baradaky Hoş Habara şaýatlyk etmekdir.


Ol biziň ýanymyza gelip, Pawlusyň guşagyny aldy-da, öz el-aýagyny baglap: «Mukaddes Ruh şeýle diýýär: „Iýerusalimdäki ýahudylar şu guşagyň eýesini şeýle baglap, keseki milletleriň eline bererler“» diýdi.


Şol wagt müňbaşy golaý gelip, Pawlusy tussag etdi we goşa zynjyrlar bilen baglamagy buýurdy. Soňra ol: «Bu adam kim? Ol näme etdi?» diýip sorady.


Biz şägirtleri tapyp, ol ýerde ýedi gün galdyk. Şägirtler Mukaddes Ruhuň ugrukdyrmagy bilen Pawlusa Iýerusalime gitmeli däldigini aýtdylar.


Mukaddes Ruh Filipe: «Bar, arabanyň ýanyndan ýöre!» diýdi.


Meniň adym ugrunda nähili azap çekmelidigini Men oňa görkezerin» diýdi.


muşakgatlar zerarly siziň hiç biriňiz imandan dänmesin diýip etdik. Ýöne özüňiz bilýänsiňiz, bu muşakgatlar Mesihe iman getirenleriň başynda bardyr.


Mukaddes Ruh ahyrky günlerde käbir adamlaryň imandan dänip, azdyryjy ruhlara we jynlaryň taglymatlaryna eýerjekdiklerini aýdyň aýdýar.


Görgülere çydaýan bolsak, Onuň bilen bile şalyk süreris. Eger Ony ret etsek, Ol hem bizi ret eder.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan