Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 20:2 - Mukaddes Kitap

2 Ol etraplary aýlanyp, imanlylar bilen ýürekden söhbet edip, olary ruhlandyrdy. Soňra ol Gresiýa geldi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Ол этраплары айланып, иманлылар билен йүрекден сөхбет эдип, олары рухландырды. Соңра ол Греция гелди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 20:2
17 Iomraidhean Croise  

Ýahudany ýaý ýaly edip egerin, Efraýymy bolsa şol ýaýyň oky ederin. Eý, Sion, ogullaryňy greklere garşy galdyraryn! Seni elimde urşujynyň gylyjy dek oýnaryn.


Ol başga-da köp öwüt-ündew edip, halka Hoş Habary wagyz edýärdi.


Olar şägirtleri ruhlandyrdylar we olara imanda berk durmagy ündäp: «Hudaýyň Şalygyna girmegimiz üçin, biziň köp muşakgatlary başdan geçirmegimiz gerek» diýýärdiler.


Olar Siriýa, Kilikiýa aýlanyp, ýygnaklary berkitdiler.


Ol ýerden-de Makedoniýanyň esasy welaýatynda ýerleşýän Filipi şäherine geldik. Bu şäher Rime garaşlydy. Biz birnäçe günläp ol ýerde galdyk.


Pawlus bilen Silas Anfipol we Apoloniýa şäherleriniň içinden geçip, Salonikä geldiler. Ol ýerde ýahudylaryň bir sinagogasy bardy.


Doganlar şol gijäniň özünde Pawlus bilen Silasy Beriýa şäherine iberdiler. Olar şähere gelip, ýahudylaryň sinagogasyna bardylar.


Petrus başga-da köp deliller bilen olara şaýatlyk edip: «Özüňizi bu azgyn nesilden halas ediň!» diýip ýalbardy.


Pawlus başagaýlyk ýatyşandan soň, şägirtleri ýanyna çagyryp, olara öwüt-nesihat etdi. Soňra olar bilen hoşlaşyp, Makedoniýa ugrady.


Onsoň ýene ýokary çykdy, bile çörek iýdi we olar bilen daň atýança söhbet etdi. Soňra bolsa ýola düşdi.


Ol ýerde üç aýlap galdy. Soňra Siriýa gämili gitmekçi bolanda, ýahudylaryň özüne garşy duzak gurandygyny bilip, Makedoniýanyň üsti bilen yzyna dolanmak kararyna geldi.


Hudaý ýol berse, men tizara size barjakdyryn. Şonda olaryň gepini däl-de, güýjüni göräýerin.


Şeýlelikde, biz hemmelere Mesih hakda wagyz edýäris. Olary Mesihiň bedeniniň kämil agzasy hökmünde hödürlär ýaly, her bir ynsana öwüt-ündew edip, uly akyldarlyk bilen taglym berýäris.


Biz sizi Öz Şalygyna, şöhratyna çagyrýan Hudaýa mynasyp ýaşamagyňyzy tabşyrdyk. Biz siziň her biriňize atanyň öz perzendine garaýşy kimin garap, sizi ruhlandyrdyk, göwünlik berdik. Bularyň baryny özüňiz-de bilýänsiňiz.


Biziň çagyryşymyzda ne ýalan, ne ýaman niýet, ne-de hile bardyr.


Eý, doganlar, biz Hudaýy razy etmek üçin nähili ýaşamalydygyny size öwretdik. Siz hakykatdan hem şeýle ýaşaýarsyňyz. Indi bolsa şeýle ýaşamakda has-da ilerlemegiňizi Reb Isanyň adyndan size ündeýäris.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan