Pawlus Asos şäherine pyýada gitmek kararyna geldi. Beýlekilerimiz bolsa gämä münüp gitdik. Biz ol ýerde Pawlusy garşy almalydyk. Muny bize onuň özi şeýle tabşyrypdy.
Hudaý ähli muşakgatlarymyzda bize teselli berýär. Biz hem öz gezegimizde her hili muşakgatlara uçran adamlara Hudaýdan alan tesellimiz arkaly teselli berýäris.
Siziň ýanyňyza bolsa Mesihiň Hoş Habaryny ýaýratmak üçin Hudaýyň hyzmatynda egindeşimiz bolan Timoteos doganymyzy iberdik. Biz muny sizi imanyňyzda berkitmek, ruhlandyrmak üçin,
Atamyz Hudaý bizi söýüp, Öz merhemeti arkaly bize ebedi teselli bilen ýagşy umyt berdi. Goý, Rebbimiz Isa Mesihiň Özi we Atamyz Hudaý size teselli bersin, her bir ýagşy işde we sözde size güýç bersin.