Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 20:1 - Mukaddes Kitap

1 Pawlus başagaýlyk ýatyşandan soň, şägirtleri ýanyna çagyryp, olara öwüt-nesihat etdi. Soňra olar bilen hoşlaşyp, Makedoniýa ugrady.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Павлус башагайлык ятышандан соң, шәгиртлери янына чагырып, олара өвүт-несихат этди. Соңра олар билен хошлашып, Македония уграды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 20:1
20 Iomraidhean Croise  

Garrylykdan ýaňa Ysraýylyň gözleri kütelişipdi we ol gowy görüp bilmeýärdi. Onsoň Ýusup ogullaryny kakasynyň alkymyna getirdi. Ýakup olary gujaklap ogşady.


Ony tapyp, Antiýoha getirdi. Şeýdip, Barnap bilen Şawul bir ýyllap ol ýerdäki ýygnaklary bir ýere toplap, köp adamlara taglymat öwretdiler. Şägirtlere ilkinji gezek Antiýoh şäherinde «mesihiler» diýlip at berildi.


Ol ýerden-de Makedoniýanyň esasy welaýatynda ýerleşýän Filipi şäherine geldik. Bu şäher Rime garaşlydy. Biz birnäçe günläp ol ýerde galdyk.


Şol gije Pawlus bir görnüş gördi. Makedoniýaly bir adam onuň garşysynda durup: «Makedoniýa gel, bize kömek et!» diýip ýalbardy.


Bu wakalardan soň, Pawlus Makedoniýanyň we Ahaýanyň üstünden geçip, Iýerusalime gitmegi ýüregine düwdi. Pawlus: «Ol ýerde bolanymdan soň, Rimi hem görmegim gerek» diýdi.


Pawlus aşak düşüp, ýigidiň üstüne egildi we ony gujaklap: «Gaýgy etmäň, ol diri!» diýdi.


Ol etraplary aýlanyp, imanlylar bilen ýürekden söhbet edip, olary ruhlandyrdy. Soňra ol Gresiýa geldi.


Ol ýerde üç aýlap galdy. Soňra Siriýa gämili gitmekçi bolanda, ýahudylaryň özüne garşy duzak gurandygyny bilip, Makedoniýanyň üsti bilen yzyna dolanmak kararyna geldi.


Şonda olaryň hemmesi boýur-boýur gözýaş döküp, Pawlusy bagryna basdylar, ony ogşadylar.


alamatlar, mugjyzalar we Mukaddes Ruhuň güýji arkaly amal etdi. Şeýlelikde, men Iýerusalimden Illiriýa welaýatyna çenli aýlanyp, Isa Mesih baradaky Hoş Habary doly ýaýratdym.


Biri-biriňizi mähirli ogşap salamlaşyň. Isa Mesihe degişli bolan ýygnaklaryň bary size salam iberýär.


Doganlaryň ählisi hem size dogaýy salam iberýärler. Biri-biriňizi mähirli ogşap salamlaşyň.


Men ýanyňyza Makedoniýada bolanymdan soň bararyn. Sebäbi men Makedoniýanyň üsti bilen geçmekçi.


Biri-biriňizi mähirli ogşap salamlaşyň. Hudaýyň bärdäki halky size köp salam aýdýar.


Biz Makedoniýa baranymyzda-da, hiç bir rahatlyk tapmadyk. Gaýtam, daş-töweregimizde dawa-jenjeller, ýüregimizde gorky bolup, her ýandan gysyldyk.


Doganlaryň hemmesini mähirli ogşap salamlaşyň.


Men Makedoniýa ugranymda, Efes şäherinde galmagyňy haýyş edipdim. Sen ol ýerdäki adamlaryň käbirine ýalan taglymatlary ýaýratmazlygy buýur.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan