Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 2:9 - Mukaddes Kitap

9 Aramyzda Parfiýadan, Madaýdan, Eýlamdan, Mesopotamiýadan, Ýahudyýadan, Kappadokiýadan, Pontusdan we Aziýadan gelenler bar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Арамызда Парфиядан, Мадайдан, Эйламдан, Месопотамиядан, Яхудыядан, Каппадокиядан, Понтусдан ве Азиядан геленлер бар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 2:9
34 Iomraidhean Croise  

Eýlam, Aşur, Arpakşat, Lut we Aram Samyň nesilleridir.


Omrapel Şingaryň, Arýok Elasaryň, Kedorlagomer Eýlamyň, Tidal bolsa Goýimiň patyşasydy.


Hyzmatkär Ybraýymyň düýelerinden onusyny hem-de onuň gymmatbaha sowgatlaryndan alyp, Mesopotamiýadaky Nahoryň ýaşaýan galasyna tarap ýola düşdi.


Hoşeýanyň şalygynyň dokuzynjy ýylynda Aşur patyşasy Samariýany basyp alyp, ysraýyllary Aşura ýesir edip äkitdi we olary Halada, Habor derýasynyň ýakasyndaky Gozanda we Madaý galalarynda ýerleşdirdi.


Dawudy özlerine duşman edendiklerine düşünip, ammonlylar Hanun bilen Mesopotamiýadan, Siriýadaky Magakadan hem-de Sobadan söweş arabalaryny, arabaly goşuny hakyna tutmak üçin, olara bir müň ýedi ýüz batman kümüş iberdi.


Madaý welaýatynda ýerleşýän Ekbatana galasyndan bolsa bir kagyz tapyldy. Onda şeýle ýazgy bardy: «Perman:


Şol gün Aşurdan, Müsürden, Patrosdan, Efiopiýadan, Eýlamdan, Şingardan, Hamatdan we adalarda aman galan halkyny yzyna getirmek üçin, Taňry ikinji gezek elini uzadar.


Bir gorkunç görnüş aýan boldy, haýyn haýynlyk edýär, talaňçy talaýar. Hüjüm et, eý, Eýlam! Gaba, eý, Madaý! Babyl sebäpli bolan nalyşlaryň soňuna çykaryn.


PERES patyşalygyň bölünip, madaýlara we parslara berildi».


Görnüşde men özümi Eýlam welaýatyndaky Suza galasynda gördüm. Men özümiň Ulaý kanalynyň boýunda durandygymy gördüm.


Seniň gören iki şahly goçuň Madaý we Pars patyşalarydyr.


Mukaddes Ruh tarapyndan Rebbiň sözüni Aziýa welaýatyna wagyz etmeklik bökdelensoň, Pawlus dagy Frikiýa we Galatýa ülkesinden geçdiler.


Ol ýerde Pawlus Akila atly bir ýahudy bilen tanyşdy. Akila asly Pontusly bolup, aýaly Priskilla bilen ýaňy-ýakynda Italiýadan gelipdi. Sebäbi imperator Klawdiý hemme ýahudylaryň Rimden çykmaklary barada perman çykarypdy. Pawlus bu maşgalany görmäge gitdi.


Bu iş iki ýyl dowam etdi. Şeýdip, Aziýa welaýatynda ýaşaýanlaryň hemmesi: ýahudylaram, greklerem Rebbiň Hoş Habaryny eşitdiler.


Biziň bu senedimize halkyň arasynda abraýdan düşmek howpy abanýar. Diňe bu howp däl, eýsem, beýik zenan hudaý Artemisiň buthanasynyň-da hiç zat saýylyp, bütin Aziýa welaýatynyň we dünýäniň sežde edýän hudaýynyň şöhraty puja çykmagy ahmal».


Onuň dostlary bolan Aziýa welaýatynyň häkimlerinden käbiri-de Pawlusa habar ýollap, tomaşa meýdanynda görünmezligini haýyş etdiler.


Onda nädip biziň her birimiz öz ene dilimizdäki sözleri eşidýäris?


Pawlus Aziýa welaýatynda wagtyny ýitirmezlik üçin, Efesiň gapdalyndan geçip gitmegi ýüregine düwdi. Ol Iýerusalime ýetmäge howlugýardy, sebäbi Ellinji gün baýramy güni ol ýerde bolmak isleýärdi.


Ýolbaşçylar Pawlusyň ýanyna gelenlerinde, olara şeýle diýdi: «Meniň Aziýa welaýatyna gelen ilkinji günümden bäri siziň ýanyňyzda nähili ýaşandygymy özüňiz bilýänsiňiz.


Beriýadan Pirrosyň ogly Sopater, Salonikiden Aristarh bilen Sekond, Derbeden Gaýus hem Timoteos, şeýle hem Aziýa welaýatyndan Tihik bilen Trofym dagy onuň bilen bile gitdiler.


Bellenilen ýedi gün dolup barýardy. Aziýa welaýatyndan gelen ýahudylar Pawlusy ybadathanada gördüler. Olar tutuş halky öjükdirip, ony tutdular.


Bu zatlar bilen meşgullanýarkam, olar meni ybadathanada gördüler. Men tämizleniş dessuryny berjaý edýärdim, ýanymda hiç hili mähelle-de, gozgalaň-da ýokdy.


Biziň hemmämiz Adramit şäherinden gelen gämä münüp, Aziýa welaýatynyň kenaryna tarap ýola düşdük. Ýanymyzda Salonikiden gelen makedoniýaly Aristarh hem bardy.


Emma Azatlar diýip atlandyrylýan sinagoganyň käbir agzalary Stefana garşy çykyp, onuň bilen jedelleşmäge başladylar. Olar kirineýliler, isgenderiýalylar, şeýle hem Kilikiýa we Aziýa welaýatlaryndan gelenlerdi.


Stefan şeýle jogap berdi: «Eý, doganlar we atalar! Meniň sözlerime gulak asyň. Atamyz Ybraýym Haranda mesgen tutmanka, heniz Mesopotamiýadaka oňa şöhratly Hudaý göründi.


Olaryň öýünde ýygnanýan ýygnaga-da salam aýdyň. Eziz dostum Epenete hem salam aýdyň; ol Aziýa welaýatyndakylaryň arasynda ilkinji bolup Isa Mesihe iman etdi.


Aziýa welaýatyndaky ýygnaklar size dogaýy salam iberýärler. Akila, Priskilla we olaryň öýündäki ýygnak hem size Rebde dogaýy salam iberýärler.


Eý, doganlar! Biziň Aziýa welaýatynda başymyza inen külpetlerden siziň-de habarly bolmagyňyzy isleýäris. Bu külpetler çekip-çydardan juda agyrdy, biz diri galarys-da öýtmedik.


Sebäbi siz Müsürden çykyp gaýdanyňyzda, olar ýolda sizi duz-çörek we suw bilen garşy almadylar. Olar sizi näletlemek üçin, Mesopotamiýada Petor galasyndan bolan Begoryň ogly Bilgamy hakyna tutdular.


Sen Aziýa welaýatyndakylaryň hemmesiniň, şol sanda Figeliň we Hermogeniň menden ýüz öwrendiklerini bilýänsiň.


Isa Mesihiň resuly men Petrusdan Hudaýyň saýlanlaryna, ýagny Pontus, Galatýa, Kappadokiýa, Aziýa we Bitiniýa welaýatlarynda dagynyk we gelmişek bolup ýaşaýanlara dogaýy salam!


«Görýänleriňi ýaz-da, ony ýedi ýygnaga: Efese, Izmire, Pergamona, Tiýatira, Sardise, Filadelfiýa we Laodikiýa ýolla» diýdi.


Aziýa welaýatyndaky ýedi ýygnaga men Ýohannadan dogaýy salam! Ozal bolan, häzir hem bar, gelejekde hem boljak Hudaýyň, Onuň tagtynyň öňündäki Hudaýyň ýedi Ruhunyň merhemeti size ýar bolsun!


Şol sebäpden Rebbiň Ysraýyla gahary gelip, olary Siriýa patyşasy Kuşan-rişataýymyň eline tabşyrdy. Ysraýyllar sekiz ýyllap Kuşan-rişataýymyň gol astynda boldular.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan