Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 2:5 - Mukaddes Kitap

5 Şol döwürde Iýerusalimde dünýäniň ähli ýurtlaryndan gelen hudaýhon ýahudylar ýaşaýardylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Шол дөвүрде Иерусалимде дүнйәниң әхли юртларындан гелен худайхон яхудылар яшаярдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 2:5
17 Iomraidhean Croise  

Meýdanda çeken zähmetiňiziň ilkinji hasylyndan Galla baýramyny belläň. Meýdandaky miweleriňizi ýygyp bolup, ýylyň ahyrynda bolsa hasyl toý beriň.


Reb şeýle diýýär: «Men olaryň işlerini-de, niýetlerini-de bilýärin. Ähli milletleri we dilleri bir ýere toplamak üçin Men gelýärin. Olar gelip, Meniň şöhratymy görerler.


Hökmürowan Rebbiň maňa şu sözi aýan boldy:


Patyşalygyň bu Hoş Habary ähli milletlere şaýatlyk hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler, diňe şondan soň dünýäniň ahyry geler.


Ýyldyrym gögüň bir ujundan çakyp, beýleki bir ujuny nähili ýagtyldýan bolsa, Ynsan Ogly hem Öz gününde şeýle bolar.


Şol wagt Iýerusalimde Şimgon atly bir dogruçyl we takwa adam ýaşaýardy. Ol ysraýyl halkynyň azat edilmegine garaşýardy, Mukaddes Ruh onuň üstündedi.


Olaryň Kleýop atlysy: «Iýerusalimde bolubam, şu günler ol ýerde bolan wakalardan bihabar gelmişek diňe Senmikäň?» diýip sorady.


Baýramçylykda ybadat etmäge Iýerusalime gelenleriň arasynda birnäçe grekler-de bardy.


Korneliý hudaýhon adam bolup, özi hem, öý-içersi hem Rebbe sežde edýärdi. Ol halkyň arasyndaky mätäçlere köp kömek edip, elmydama Hudaýa doga ederdi.


Özi bilen gepleşen perişde gidenden soň, Korneliý hyzmatkärlerinden ikisini we hemişe ýanynda bolýan bir takwa esgeri çagyrdy.


Emma ýahudylar şäheriň ýokary mertebeli hudaýhon aýallaryny we at-abraýly erkeklerini Pawlus bilen Barnabyň garşysyna öjükdirdiler. Şeýlelikde, olary yzarlap, öz ýurtlaryndan kowup çykardylar.


Ellinji gün baýramy güni ähli imanlylar bir ýere ýygnanyşyp otyrdylar.


Ol ýerde Hanany atly bir adam ýaşaýardy. Ol hudaýhon hem Mukaddes Kanuna berlendi, Damaskdaky ähli ýahudylaryň arasynda uly hormata eýedi.


Emma takwa adamlar Stefany jaýlap, onuň üçin çuňňur ýas tutdular.


Ol hem turup, ýola düşdi. Gidip barýarka, efiopiýaly bir agta duşdy. Ol Efiopiýanyň melikesi Kandakynyň baş wezirleriniň biridi we onuň tutuş gaznasyny dolandyrýardy. Ol Iýerusalime ybadat etmäge gelip,


Şu günden başlap, Men ýer ýüzündäki ähli halkyň üstünden gorky we howp salaryn. Seniň adyňy eşidenlerinde, olar gorkudan ýaňa titreşer durarlar“».


Elbetde, siz eşiden Hoş Habaryňyzyň beren umydynda sarsman, imanda kök urup, berk durmalysyňyz. Bu Hoş Habar ýer ýüzündäki her bir ynsana yglan edildi. Men Pawlus bu Hoş Habaryň hyzmatçysy boldum.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan