Ol satylanda-satylmanda hem öz emlägiňdi ahyry. Ony satanyňdan soňam puluny öz isleýşiň ýaly ulanyp bilerdiň. Nädip beýle zady edip bildiň? Sen ynsanlara däl-de, Hudaýa ýalan sözlediň».
Çünki siz Rebbimiz Isa Mesihiň merhemetini bilýäňiz: Ol baý bolsa-da, siziň hatyraňyz üçin garyp boldy. Isa Mesih muny Özüniň garyplygy arkaly siziň baý bolmagyňyz üçin edipdi.