Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 2:41 - Mukaddes Kitap

41 Şeýlelikde, onuň sözlerini şatlyk bilen kabul edenler suwa çümdürildi. Şol gün üç müňe golaý adam iman etdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

41 Шейлеликде, онуң сөзлерини шатлык билен кабул эденлер сува чүмдүрилди. Шол гүн үч мүңе голай адам иман этди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 2:41
21 Iomraidhean Croise  

Onuň işi dabaradan, şöhratdan doly, Onuň dogrulygy dowam edýär ebedi.


Size dogrusyny aýdýaryn, Maňa iman eden Meniň bitiren işlerimi-de bitirer, hatda bulardan hem has beýik işleri bitirer. Sebäbi Men Atanyň ýanyna barýaryn.


Simun Petrus gaýyga münüp, içinde ýüz elli üç sany ullakan balykdan doly tory kenara çykardy. Balyk şeýle köp bolsa-da, tor ýyrtylmandy.


Bir gün Petrus ýygnanyşan ýüz ýigrimä golaý doganlaryň ortasynda durup, şeýle diýdi:


Milletler muny eşidenlerinde şatlanyp, Rebbiň Hoş Habaryna uly hormat goýdular. Şeýlelikde, baky ýaşaýyş üçin saýlananlaryň hemmesi iman etdi.


Bu sözleri eşidende, adamlaryň ýüregine hanjar urlan ýaly boldy. Olar Petrusdan we beýleki resullardan: «Doganlar, biz näme etmeli?» diýip soradylar.


Hudaýa alkyş okap, bütin il içinde hormatlanylýardylar. Hudaý hem halas bolanlaryň sanyny günsaýyn köpeldýärdi.


Gämide biziň jemimiz iki ýüz ýetmiş alty adamdy.


Kimde-kim şol pygambere gulak asmasa, ol adam Hudaýyň halkynyň arasyndan çykarylyp, doly ýok ediljekdir“.


Emma bu gürrüňleri diňlänleriň ençemesi Isa iman etdi. Şonda iman eden erkekleriň sany bäş müňe ýetdi.


Soňra Ýusup öz kakasyny we ähli dogan-garyndaşlaryny ýanyna çagyrdy. Olar jemi ýetmiş bäş adamdy.


Her bir ynsan öz üstünden höküm sürýän häkimiýete tabyn bolsun, sebäbi Hudaý tarapyndan bolmadyk häkimiýet ýokdur. Höküm sürýän häkimiýetler Hudaý tarapyndan bellenendir.


Siz agyr muşakgatlar çekseňiz-de, Mukaddes Ruhuň beren şatlygy bilen Hoş Habary kabul edip, biziň we Rebbiň göreldesine eýerdiňiz.


Bu ruhlar gadym zamanda Nuhuň gämisi ýasalyp ýörkä, Hudaý heniz sabyr-takatlyk edip garaşýarka, Oňa tabyn bolmadylar. Şol gämide bolsa az adam, jemi sekiz adam suw arkaly halas boldy.


Ikinji perişde käsesini deňze dökdi. Deňiz öliniň ganyna meňzeş gana öwrüldi-de, ondaky janly-jandaryň ählisi gyryldy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan