Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 2:4 - Mukaddes Kitap

4 Olaryň hemmesi Mukaddes Ruhdan doldular we Mukaddes Ruhuň beren ukybyna görä, başga dillerde gepläp başladylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Оларың хеммеси Мукаддес Рухдан долдулар ве Мукаддес Рухуң берен укыбына гөрә, башга диллерде гепләп башладылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 2:4
55 Iomraidhean Croise  

«Rebbiň Ruhy meniň üstüm bilen gepleýär, dilimde Onuň sözleri.


Indi bu halka keseki agzy bilen geplär Reb düşnüksiz dilde sözlär.


«Meniň bolsa, olar bilen edýän ähtim, ine, şudur: üstüňizdäki Ruhum, agzyňyza salan sözlerim şu günden ebedä çenli öz diliňizden, zürýatlaryňyzyň dilinden, zürýatlaryňyzyň zürýatlarynyň dilinden düşmesin». Muny Reb aýdýandyr.


Munuň üçin men Rebbiň gazabyndan doludyryn, gaharymy saklamakdan halys irdim». «Ony köçedäki çagalaryň, toplanan ýigitleriň üstüne dök. Är-aýalyň ikisini-de tutup äkiderler, garrydyr goja-da olardan sypmaz.


Onsoň sürgün edilen ildeşleriň ýanyna git-de, olara aýt. Isle diňlesinler, isle diňlemesinler, olara: „Hökmürowan Reb şeýle diýýär“ diý».


Men bolsa Ýakuba ýazygyny, Ysraýyla günäsini jar etmäge, Rebbiň Ruhy bilen güýçden, adalatdan, gudratdan doludyryn.


Ýöne olar sizi eltip tabşyranlarynda, siz näme ýa-da nädip aýtjakdygyňyzy gaýgy etmäň. Size näme aýtmalydygyňyz şol wagtyň özünde berler.


Iman edýänler şu alamatlary görkezerler: Meniň adym bilen arwah-jynlary kowup çykararlar, täze dillerde geplärler.


Çünki ol Rebbiň nazarynda beýik bolar. Ol hiç haçan agzyna şerap we içgi almaz. Ol heniz enesiniň göwresindekä, Mukaddes Ruhdan dolar.


Merýemiň salamyny eşiden badyna, göwresindäki çaga gymyldap, Elizabet Mukaddes Ruhdan doldy.


Çaganyň kakasy Zekarýa Mukaddes Ruhdan dolup, şeýle pygamberlik etdi:


Mukaddes Ruh size näme diýmelidigiňizi şol pursadyň özünde öwreder».


Munuň üçin Men size söz hem akyldarlyk bererin. Size garşy çykýanlaryň hiç biri muňa ne garşy durup biler, ne-de bir zat aýdyp biler.


Isa Mukaddes Ruhdan dolup, Iordan derýasyndan yzyna dolandy. Mukaddes Ruh Ony çöle alyp gitdi.


Atanyň Meniň adymdan iberjek Hemaýatçysy, ýagny Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder. Meniň size aýdan ähli sözlerimi ýadyňyza salar.


Şeýle diýip, olaryň üstüne üfläp goýberdi-de: «Mukaddes Ruhy kabul ediň.


Ýahýa sizi suwa çümdüripdi, emma ýene birnäçe günden siz Mukaddes Ruha çümdürilersiňiz».


Emma siziň üstüňize Mukaddes Ruh inende, güýç-gudratdan dolarsyňyz. Iýerusalimde, tutuş Ýahudyýada we Samariýada, ýer ýüzüniň dört künjeginde siz Meniň şaýatlarym bolarsyňyz» diýip jogap berdi.


sebäbi olaryň nämälim dillerde gepläp, Hudaýy öwgi bilen beýgeldişlerini gördüler. Şonda Petrus:


«Edil biziň ýaly, bu adamlar hem Mukaddes Ruhy kabul etdiler. Indi bulary suwa çümdürilmegini kim gadagan edip biler?» diýdi.


Men söze başlanymda, Mukaddes Ruh öň biziň üstümize inişi ýaly, olaryň üstüne hem indi.


Onuň Mukaddes Ruhdan we imandan doly bir ýagşyzada adamdygy üçin, juda köp adam Rebbe iman etdi.


Antiýohdaky şägirtler bolsa şatlykdan we Mukaddes Ruhdan doldular.


Şonda Mukaddes Ruhdan dolan Şawul, ýagny Pawlus jadygöýüň gözlerine seredip:


Her bir ynsanyň ýüregini bilýän Hudaý bize beren Mukaddes Ruhuny keseki milletlere hem berdi. Şu arkaly olary kabul edendigini tassyklady.


Pawlus olaryň üstlerine elini goýan badyna, olara Mukaddes Ruh indi. Olar nämälim dillerde gepläp, pygamberlik etmäge başladylar.


Käbirimiz Krit adasyndan we Arabystandan geldik. Muňa garamazdan, Hudaýyň beýik işleri barada olaryň biziň ene dilimizde gepleýändigini eşidýäris».


Olar uçguna meňzeş bir zatlaryň pytrap, öz üstlerine inendigini gördüler.


Doga-dileg edip bolanlaryndan soň, olaryň üýşüp duran ýeri sarsdy. Hemmeler Mukaddes Ruhdan dolup, batyrgaýlyk bilen Hudaýyň Hoş Habaryny aýtmaga başladylar.


Şonda Petrus Mukaddes Ruhdan dolup, olara şeýle diýdi: «Eý, halkyň ýolbaşçylary we ýaşululary!


Eý, doganlar, öz araňyzdan ýedi adamy saýlaň. Olar Mukaddes Ruhdan we akyl-paýhasdan doly, atly-abraýly adamlar bolsunlar. Bu hyzmaty şolara tabşyralyň.


Bu pikir hemmäniň göwnünden turdy. Ilki bilen olar imany güýçli we Mukaddes Ruhdan doly bolan Stefany saýladylar. Şeýle-de Filipi, Prohory, Nikanory, Timony, Parmeni we antiýohly Nikolasy saýladylar. Nikolas öň ýahudy dinini kabul edendi, indi Isa ynandy.


Hudaýyň merhemetinden we gudratyndan doly bolan Stefan halk arasynda ajaýyp mugjyzalardyr alamatlar görkezýärdi.


Emma Mukaddes Ruhdan dolan Stefan asmana seredip, Hudaýyň şöhratyny, Hudaýyň sagynda duran Isany gördi.


Soňra Petrus bilen Ýohanna ellerini olaryň üstüne goýdular we olar hem Mukaddes Ruhy kabul etdiler.


Şeýlelikde, Hanany baryp, şol öýe girdi, ellerini Şawulyň üstünde goýup: «Şawul dogan! Gözleriň ýene açylyp, Mukaddes Ruhdan dolmagyň üçin, meni bu ýere gelýärkäň, saňa görnen Rebbimiz Isa iberdi» diýdi.


Mukaddes Ruhuň güýji bilen umydyňyzyň artmagy üçin, umydyň gözbaşy bolan Hudaý imanyňyz arkaly, goý, sizi şatlykdan we parahatlykdan pürepür etsin.


Ol birine gudrat görkezme, başgasyna pygamberlik, ýene birine ruhlary saýgarma, başga birine nämälim diller, ýene birine bu dilleri manylandyrma peşgeşini berýär.


Ynsanlaryň we perişdeleriň dillerinde gürläp-de, söýgim bolmasa, güňleç seslenýän misdirin ýa-da jyňňyrdaýan kimwaldyryn.


Pygamberlikler tamamlanar, diller ýiter, bilim gutarar, söýgi bolsa asla tükenmez.


Hudaýa şükür, men nämälim dillerde hemmäňizden köp gürleýärin.


Siziň ähliňiz nämälim dillerde gürleseňiz, elbetde, gowy, ýöne pygamberlik etmäge ymtylyň. Nämälim dilde gürleýän adam ýygnaga öwüt-ündew bermek üçin öz aýdanlaryny manylandyrmasa, onda pygamberlik edýän ondan has gowudyr.


Hawa, Hudaýyň kämilliginden dolup bileriňiz ýaly, Mesihiň aň-bilim ýeterden üstün bolan bu söýgüsine akyl ýetirip bilmegiňizi Hudaýdan dileýärin.


Şerapdan serhoş bolmaň, bu sizi wejeralyga elter. Tersine, Mukaddes Ruhdan dolup-daşyň.


Her bir ýagdaýda ýalbarmak bilen, Mukaddes Ruhuň ylhamy arkaly Hudaýa doga-dileg ediň. Hüşgär boluň, Hudaýyň ähli halky üçin hemişe dilegde boluň.


Şonda bu habaryň pygamberler üçin däl-de, siziň üçindigi aýan boldy. Häzirki wagtda bolsa gökden berlen Hoş Habar size Mukaddes Ruhuň gudraty bilen wagyz edilýär. Bu zatlara hatda perişdeler-de düşünmäge çalyşdylar.


Sebäbi hiç bir pygamber ynsan islegi bilen welilik etmedi. Bu pygamberler Mukaddes Ruh tarapyndan ugrukdyrylyp, Hudaýdan gelen sözleri aýtdylar.


Eliý oňa: «Haçana çenli beýdip, entirekläp ýörjek? Bar, serhoşlykdan açylansoň gel» diýdi.


Gibga galasyna gelenlerinde, olar topar tutup gelýän pygamberlere duşdular. Şonda Hudaýyň Ruhy Şawulyň kalbyny eýeledi. Ol pygamberler bilen bile joşup, pygamberlik etmäge başlady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan