Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 2:32 - Mukaddes Kitap

32 Hudaý Isany ölümden direltdi, biziň hemmämiz muňa şaýatdyrys.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

32 Худай Исаны өлүмден дирелтди, бизиң хеммәмиз муңа шаятдырыс.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 2:32
24 Iomraidhean Croise  

Siz hem şaýatlyk edersiňiz, sebäbi başdan-aýak Meniň bilen bile bolduňyz.


Emma siziň üstüňize Mukaddes Ruh inende, güýç-gudratdan dolarsyňyz. Iýerusalimde, tutuş Ýahudyýada we Samariýada, ýer ýüzüniň dört künjeginde siz Meniň şaýatlarym bolarsyňyz» diýip jogap berdi.


Emma Hudaý Ony ölümden direltdi.


Çünki Hudaý Öz bellän Ynsany arkaly dünýäni adalatly höküm etjek gününi belledi. Ony ölümden direltmek bilen Ony belländigini ähli ynsanlara subut etdi».


Emma Hudaý Ony direldip, ölüm jebrinden halas etdi. Onuň ölüm penjesinde galmagy mümkin däldi.


Siz Ýaşaýyş Gözbaşyny öldürdiňiz, emma Hudaý Ony direltdi. Biz muňa şaýatdyrys.


Ýaman ýoluňyzdan öwrüp, sizi ýalkamak üçin, Hudaý Öz guly Isany saýlady we ilki bilen Ony size ýollady».


onda siziň hemmäňiz, ähli ysraýyl halky şuny bilip goýuň: ine, bu adam nasyraly Isa Mesihiň ady bilen şypa tapyp, sag-salamat öňüňizde dur. Siz Isany haça çüýlediňiz, emma Hudaý Ony ölümden direltdi.


Resullar beýik gudrat bilen Reb Isanyň direlendigine şaýatlyk edýärdiler. Hudaý olaryň hemmesine beýik merhemet eçildi.


Ata-babalarymyzyň Hudaýy siziň haça çüýlän Isaňyzy direltdi.


Munuň üstesine-de, biziň Hudaý barada ýalan şaýatlyk etdigimiz bolýar. Sebäbi biz Hudaý Isa Mesihi direltdi diýip şaýatlyk edýäris ahyryn. Eger merhumlar direlmeýän bolsa, onda Hudaý Isa Mesihi-de direlden däldir.


Hudaý Öz güýji arkaly Reb Isany direltdi. Ol bizi hem direlder.


Biz Reb Isany ölümden direlden Hudaýyň bizi hem Isa bilen bilelikde direldip, siz bilen birlikde Öz huzurynda goýjakdygyny bilýäris.


Men, resul Pawlus we ýanymdaky doganlarymyň ählisi Galatýadaky imanlylar ýygnagyna şu hat bilen dogaýy salam iberýäris. Meni resullyga ynsanlar däl-de, Isa Mesih we Ony ölümden direlden Ata Hudaý belledi.


Siz çümdüriliş arkaly Mesih bilen bile jaýlandyňyz we Ony ölümden direlden Hudaýyň gudratyna iman edip, Mesih bilen birlikde direldiňiz.


Islegini amala aşyrmagymyz üçin, goý, parahatlyk berýän Hudaý bizi ähli gerekli zatlar bilen üpjün etsin. Ol Rebbimiz Isany ebedilik äht baglaşýan gany arkaly ölümden direltdi we Ony Öz halkynyň beýik Çopany edip belledi. Goý, Hudaý Özüni hoşnut edýän işleri etmegimiz üçin, Isa Mesih arkaly bizi kämilleşdirsin. Isa Mesihe baky şan-şöhrat bolsun! Omyn.


Siz Mesih arkaly Hudaýa iman etdiňiz. Hudaý Mesihi direldip, Ony şöhratlandyrdy. Şeýlelikde, imanyňyz we umydyňyz Hudaýdadyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan