Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 2:30 - Mukaddes Kitap

30 Dawut bir pygamberdi. Hudaýyň ant içip, beren sözüne görä, Dawut öz neslinden biriniň onuň tagtynda oturjakdygyny bilýärdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

30 Давут бир пыгамберди. Худайың ант ичип, берен сөзүне гөрә, Давут өз неслинден бириниң онуң тагтында отурҗакдыгыны билйәрди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 2:30
37 Iomraidhean Croise  

«Rebbiň Ruhy meniň üstüm bilen gepleýär, dilimde Onuň sözleri.


Munuň üçin Rebbiň Özi size bir alamat berer. Ine, gyz göwreli bolup, ogul dograr. Onuň adyna Imanuwel dakar.


Emma sen, eý, Beýtullaham-Efrat, Ýahuda uruglarynyň kiçisi bolsaň-da, senden çykar Ysraýylda Meniň üçin hökümdarlyk etjek, onuň asly owaldan, gadymdan bäri bardyr.


Isa olara şeýle diýdi: «Onda näme üçin Dawudyň özi Mukaddes Ruhdan ylham alyp, Mesihe Reb diýýär? Ol şeýle diýipdir:


Ony haça çüýlänlerinden soň, bije atyşyp egin-eşigini özara paýlaşdylar.


Dawudyň özi Mukaddes Ruhdan ylham alyp, şeýle diýipdir: „Hudaý Rebbime şeýle sözledi: ‘Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam, Meniň sagymda otur’“.


Isa olara: «Men heniz ýanyňyzdakam size aýdan sözlerim şulardyr: Men hakda Töwratda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň ählisi berjaý bolmalydyr» diýdi.


«Eý, doganlar! Isany tutmaga gelenlere ýolbaşçylyk eden Ýudas hakda Mukaddes Ruh Dawut arkaly owal-başdan pygamberlik edipdi. Mukaddes Ýazgylardaky şol sözler amala aşmalydy.


Bu Hoş Habar Hudaýyň Ogly Isa Mesih hakdadyr. Ol ynsan tebigaty boýunça Dawudyň neslindendi.


Işaýa pygamberiň kitabynda hem şeýle ýazylgydyr: «Ýyşaýyň Köki peýda bolar, Ol halklara Hökümdar bolar, milletler Oňa umyt baglar».


Dawudyň neslinden bolan we ölümden direlen Isa Mesihi unutma. Bu meniň wagyz edýän Hoş Habarymdyr.


Hudaý gadym döwürde ata-babalarymyza pygamberler arkaly köp gezek we dürli ýollar bilen gepledi.


Şonuň üçin Mukaddes Ruhuň aýdyşy ýaly: «Bu gün siz Meniň sesimi eşitseňiz,


Köp ýyllardan soňra Hudaý «Bu gün» diýen ýene bir güni belläp, bu hakda Dawut arkaly ozal aýdylyşy ýaly gepledi: «Bu gün Onuň sesini eşitseňiz, ýüregiňizi gatatmaň».


Hudaý hem wadasyny kabul edýänlere Öz maksadynyň üýtgewsizdigini subut etmek isledi. Şonuň üçin Ol muny kasam bilen tassyklady.


Hudaýyň Oňa: «Reb ant içdi, Ol ondan dänmez. Sen müdimilik ruhanysyň» diýen anty arkaly ruhany boldy.


Sebäbi hiç bir pygamber ynsan islegi bilen welilik etmedi. Bu pygamberler Mukaddes Ruh tarapyndan ugrukdyrylyp, Hudaýdan gelen sözleri aýtdylar.


Olar Guzy bilen söweşerler, ýöne Guzy olary ýeňer. Çünki Guzy şalaryň Şasy, taňrylaryň Taňrysydyr. Onuň çagyranlary, saýlanlary we sadyklary Onuň bilen bolarlar».


Onuň donunda we budunda «ŞALARYŇ ŞASY, TAŇRYLARYŇ TAŇRYSY» diýen at ýazylgydy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan