28 Ýaşaýyş ýoluny maňa görkezersiň: huzuryňda meni şatlykdan doldurarsyň“.
28 Яшайыш ёлуны маңа гөркезерсиң: хузурыңда мени шатлыкдан долдурарсың“.
Olar her ädimimizi aňtap, gurşaýarlar daşymy, meni ýere urmak üçin peýleýärler pursady.
Peýkamlaryny atyp, pytratdy ýagylaryny, ýyldyrymlar çakdyryp, weýran etdi olary.
Ýöne welin mukaddessiň Sen! Ysraýyl alkyşlarynyň üstünde tagt guransyň Sen.
Olar Saňa perýat edip, halas boldular; Saňa bil bagladylar, baglan umydynda aldanmadylar.
Bolgusyzlar bilen men oturmaýaryn, ikiýüzlülere ýaran bolmaýaryn.
Eý, janym, sen näme üçin gamlanýaň? Näme üçin sen içimde yňranýaň? Umydyňy Hudaýa bagla, men ýene Oňa – Halasgärime we Hudaýyma öwgi aýdaryn.
Onuň ýanyna giren yzyna dolanyp bilmez, gaýdyp ýaşaýyş ýoluna ýetmez.
Özümi söýýänlere baýlygy miras berýän, olaryň hazynalaryny doldurýan. Çünki men dogrulyk ýolundan, adalat ýodalaryndan ýöreýän.
Isa oňa: «Ýol, hakykat we ýaşaýyş Mendirin, Mensiz hiç kim Atanyň ýanyna baryp bilmez.
Çünki Sen meni ölüler dünýäsinde goýmarsyň, sadygyňyň gabyrda çüýremegine ýol bermersiň.
Doganlar! Beýik atamyz Dawut hakda meniň size aç-açan aýtmagym gerek. Ol öldi, jaýlandy, mazary bolsa biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr.
Geliň, gözümizi imanymyzyň gözbaşy we kämilleşdirijisi Isa dikeliň. Ol geljekdäki şatlyga gowuşmak üçin, masgaraçylygy hiç saýyp, haçdaky ölüme döz geldi we Hudaýyň tagtynyň sagynda oturdy.