Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 2:2 - Mukaddes Kitap

2 Birdenkä asmandan güýçli şemalyň sesine meňzeş şuwwuldy peýda bolup, olaryň oturan öýüniň içini doldurdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Бирденкә асмандан гүйчли шемалың сесине меңзеш шуввулды пейда болуп, оларың отуран өйүниң ичини долдурды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 2:2
14 Iomraidhean Croise  

Reb Ylýasa: «Daşary çyk-da, dagda Meniň huzurymda dur, çünki Men-Reb şol ýerden geçerin» diýdi. Rebbiň öňünde daglary, daşlary ýarýan şeýle bir güýçli ýel turdy, ýöne Reb ýeliň içinde geplemedi. Ýelden soň ýertitreme boldy, ýöne Reb ýertitremede hem geplemedi.


Rebden gorkmak päkdir, ýaşaýar ol ebedi. Rebbiň kararlary ygtybarlydyr, adyldyr olaryň bary.


Oýan, eý, demirgazyk ýeli! Gel, eý, günorta ýeli! Bagymyň üstünden öwüs, onuň atyr ysy çar tarapa ýaýrasyn. Ýarym öz bagyna gelsin, saýlama miwelerini iýsin!


Olar çagyrmanka, Men jogap bererin, gepläp durkalar, Men eşiderin.


Hökmürowan Reb: «Öňümden ýol taýýarlar ýaly, ine, Men Öz wekilimi iberýärin. Siziň gözleýän Taňryňyz duýdansyz Öz ybadathanasyna geler. Siziň hoşal bolýan äht Wekiliňiz, ine, gelýär» diýýär.


Birdenkä perişde bilen birlikde gögüň san-sajaksyz goşuny göründi. Olar Hudaýy öwüp şöhratlandyrdylar:


Ýel islän tarapyna öwüsýär, sen onuň şuwwuldysyny eşidýärsiň-de, nireden gelip, nirä barýanyny bilmeýärsiň. Mukaddes Ruhdan doglanlar hem şeýledir».


Olar uçguna meňzeş bir zatlaryň pytrap, öz üstlerine inendigini gördüler.


Bu galmagally sese uly mähelle ýygnandy. Olar öz ene dillerindäki gürrüňleri eşidip, aljyradylar.


Doga-dileg edip bolanlaryndan soň, olaryň üýşüp duran ýeri sarsdy. Hemmeler Mukaddes Ruhdan dolup, batyrgaýlyk bilen Hudaýyň Hoş Habaryny aýtmaga başladylar.


Şonda bu habaryň pygamberler üçin däl-de, siziň üçindigi aýan boldy. Häzirki wagtda bolsa gökden berlen Hoş Habar size Mukaddes Ruhuň gudraty bilen wagyz edilýär. Bu zatlara hatda perişdeler-de düşünmäge çalyşdylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan