Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 2:17 - Mukaddes Kitap

17 „Hudaý şeýle diýýär: Ahyrky günlerde şeýle bolar, Men ähli ynsanlaryň üstüne Öz Ruhumy dökerin. Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz, aýanlyk alarlar ýigitleriňiz, düýşler görer garrylaryňyz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

17 „Худай шейле диййәр: Ахыркы гүнлерде шейле болар, Мен әхли ынсанларың үстүне Өз Рухумы дөкерин. Пыгамберлик эдер огулдыр гызларыңыз, аянлык аларлар йигитлериңиз, дүйшлер гөрер гаррыларыңыз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 2:17
38 Iomraidhean Croise  

Ýakup öz ogullaryny çagyryp, olara: «Ýanyma ýygnanyşyň, men geljek günlerde size nämeleriň garaşýandygyny aýdyp bereýin» diýdi.


Hudaý ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlaryň azgynçylyga ýüz urandygyny gördi.


Onuň şöhratly adyna nagmalar aýdyň, Oňa ajaýyp alkyşlar aýdyň.


Şoňa görä tekepbirlikleri boýunlaryny monjuk kimin bezeýär, zulum olary eginbaş kimin büreýär.


Meniň käýinjime üns berseňiz, ruhumy üstüňize dökerin. Men sözümi size bildirerin.


Ahyrky günlerde şeýle bolýar: Rebbiň öýi daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler, depelerden belent bolar ol, ähli milletler oňa tarap eňerler.


Şonda Rebbiň şöhraty aýan bolar, ähli ynsanlar ony birlikde görerler, muny aýdýan Rebdir».


Men suwsuz topraga suwlar dökerin, gury ýerlere çeşmeler akdyraryn; nesilleriňiň üstüne Ruhumy, perzentleriňiň üstüne berekedimi dökerin.


Saňa sütem edýänleriň özlerini özüne iýdirerin, täze şerap içen deý öz ganlaryndan serhoş bolarlar. Onsoň ähli ynsanlar Meniň Rebdigimi, seniň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy bilerler».


Olaryň ýüregini bir ederin, täze ruh bererin. Içlerindäki daş ýüregi aýryp, olara etden bolan ýürek bererin.


Ruhumy ysraýyl halkynyň üstüne dökerin we indi hiç haçan ýüzümi olardan gizlemerin». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Men ahyrky günlerde seniň halkyňyň başyna nämeleriň geljegini saňa düşündirmäge geldim, çünki bu görnüş şol geljek döwre degişlidir».


Ahyrky günlerde şeýle bolar: Rebbiň öýi daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler, depelerden belent bolar ol, halklar oňa tarap eňerler.


Men Dawudyň nesliniň hem-de Iýerusalimiň halkynyň üstüne merhemet we ýalbaryş ruhuny dökerin. Olar özleriniň deşim-deşim edenine, ýagny Maňa serederler, ýalňyz ogly üçin ýas tutýan ýaly ýas tutarlar, nowbahar ogly üçin ahy-nala çekýän ýaly ajy gözýaş dökerler.


Ähli janly-jandarlar, Rebbiň öňünde ümsüm boluň; Ol turup, mukaddes mekanyndan çykyp gelýär.


Şonda ähli ynsanlar Hudaýyň halas edişini görerler“».


Sen Ogla ähli ynsanlaryň üstünden ygtyýar berdiň. Goý, Ogul hem Seniň Oňa tabşyran ähli ynsanlaryňa baky ýaşaýyş bersin.


Ol muny Özüne iman edenleriň aljak Mukaddes Ruhy barada aýdýardy. Olara entek Mukaddes Ruh inmändi, sebäbi Isa entek şöhratlandyrylmandy.


Petrus bilen bile gelen ýahudy imanlylar Mukaddes Ruhuň peşgeşiniň keseki milletleriň üstüne-de inenini görüp geň galdylar,


Şol günlerde Iýerusalimden Antiýoha birnäçe pygamberler geldiler.


Olardan biriniň ady Agapdy. Ol ýerinden turup, Rim imperiýasynda ýowuz açlygyň boljakdygy barada Mukaddes Ruh arkaly welilik etdi. Bu açlyk imperator Klawdiniň dolandyrýan döwründe bolup geçdi.


Ýok, bu görýänleriňiz Ýowel pygamber tarapyndan aýdylandyr:


Şol günlerde Men hatda gullardyr gyrnaklaryň üstüne, Öz Ruhumy dökerin. Olar-da pygamberlik ederler.


Indi Isa beýgeldildi we Ol Hudaýyň sagynda otyr. Ol wada edilen Mukaddes Ruhy Ata Hudaýdan kabul edip, Ony biziň üstümize ýagdyrdy. Muny siziň özüňiz görüp we eşidip dursuňyz.


Filipiň durmuşa çykmadyk dört gyzy bardy we olar pygamberlik edýärdiler.


Şeýle umyt bizi utandyrmaz, sebäbi berlen Mukaddes Ruh arkaly ýüregimiz Hudaýyň söýgüsinden dolup-daşýar.


Ol birine gudrat görkezme, başgasyna pygamberlik, ýene birine ruhlary saýgarma, başga birine nämälim diller, ýene birine bu dilleri manylandyrma peşgeşini berýär.


Hudaý ýygnaga ilki bilen resullary, soňra pygamberleri, üçünji edip öwredijileri belledi. Soňra gudrat görkezýänleri we şypa berýänleri, ýardam berýänleri we dolandyrýanlary, soňra nämälim dillerde gürleýänleri belledi.


Bu ahyrky günlerde bolsa Ol bize Öz Oglunyň üsti bilen gepledi. Ogly arkaly Hudaý älem-jahany ýaradyp, Ony ähli zadyň mirasçysy edip belledi.


Altyndyr kümşüňiz poslandyr, olaryň posy siziň garşyňyza şaýatlyk edip, bedeniňizi ot kimin iýer. Siz ahyrky günlerde baýlyk topladyňyz.


Ähli zatdan öňürti şuny biliň: ahyrky günlerde öz betnebislerine çapýan bihaýa ýaňsylaýjylar peýda bolar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan