Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 2:14 - Mukaddes Kitap

14 Şonda Petrus Onbirler bilen bile ýerinden turup, batly ses bilen şeýle diýdi: «Eý, ýahudy doganlar we Iýerusalim ilaty! Munuň manysyny size düşündireýin, meniň sözlerime gulak asyň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 Шонда Петрус Онбирлер билен биле еринден туруп, батлы сес билен шейле дийди: «Эй, яхуды доганлар ве Иерусалим илаты! Мунуң манысыны сизе дүшүндирейин, мениң сөзлериме гулак асың.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 2:14
18 Iomraidhean Croise  

Indi, ogullarym, meni diňläň! Meniň ýolumy tutýanlar nähili bagtly!


Eý, Sion, hoş habar, beýik daga çyk! Eý, Iýerusalim, hoş habar, sesiňi batly gatalt! Sesiňi batlandyr, gorkma; Ýahuda şäherlerine: «Ine, Hudaýyňyz!» diýiň.


Reb şeýle diýýär: «Eý, dogrulygy yzarlaýanlar, eý, Rebbi agtarýanlar, Maňa gulak goýuň! Kesilip alnan gaýaňyza, gazylyp çykarylan çukuryňyza serediň.


«Meni diňle, eý, halkym, Maňa gulak goý, eý, milletim! Menden bir kanun çykar; adalatym halklara nur bolar.


Eý, dogrulygy bilýänler, kanunymy ýüreginde saklaýanlar, Meni diňläň! Ynsanlaryň ýazgarmalaryndan gorkmaň, olaryň sögünçlerinden heder etmäň.


Diňläň! Garawullaryň seslerini gataldýar, şatlanyp, bile aýdym aýdýarlar; Rebbiň Siona gaýdyp gelşini öz gözleri bilen görerler olar.


Näme üçin puluňy çörek bolmajak zada, zähmetiňi doýurmajak zada sarp edýäň? Meni ünsli diňläň, ýagşy zady iýiň, janyňyz näz-nygmatlardan lezzet alar.


Gaty gygyr, çekinme! Sesiňi surnaý kimin gatalt! Halkyma ýazyklaryny, Ýakubyň nesline günälerini yglan et.


«Surnaýy dodagyňa ýetir. Çünki çaýkel Rebbiň öýüniň üstünden aýlanýar. Olar Meniň ähtimi bozdy, kanunyma garşy çykdylar.


Isa Hirod patyşanyň döwründe Ýahudyýanyň Beýtullaham şäherinde eneden doguldy. Şonda müneçjimler gündogardan Iýerusalime gelip:


Onsoň bu ikisi üçin bije atdylar. Mattiniň bijesi çykdy. Şeýlelikde, Mattiý on bir resula goşuldy.


Şeýlelikde, Pawlus ýerinden turup, olara eli bilen ýuwaş bolmaklaryny yşarat etdi. Soňra ol söze başlady: «Eý, ysraýyllylar we Hudaýa sežde edýän keseki halklar, maňa gulak asyň!


Eý, ysraýyl halky! Bu sözlere gulak asyň: öz bilşiňiz ýaly, Hudaý nasyraly Isa arkaly araňyzda gudratlar, mugjyzalar we alamatlar görkezdi. Munuň bilen Ol Isanyň ygtyýarlygyny tassyklady.


Olar: «Eý, ysraýyl halky! Kömek ediň! Bu adam ähli ýerde biziň halkymyza, Musanyň bize beren kanunyna, ybadathanamyza garşy hemmelere ters sapak berýär. Munuň üstesine-de, grekleri ybadathana getirip, bu mukaddes ýeri harama çykardy» diýip gygyrdylar.


Soňra Gamaliýel şeýle diýdi: «Eý, ysraýyl halky! Bu adamlar babatda etjek bolýan işiňizde seresap boluň.


Stefan şeýle jogap berdi: «Eý, doganlar we atalar! Meniň sözlerime gulak asyň. Atamyz Ybraýym Haranda mesgen tutmanka, heniz Mesopotamiýadaka oňa şöhratly Hudaý göründi.


Soňra Musa we lewi ruhanylary: «Eý, ysraýyl halky, ümsüm bol we gulak goý! Hut şu gün siz Hudaýyňyz Rebbiň halky bolduňyz.


Gulak asyň, eý, söýgüli doganlarym! Hudaý bu dünýäde garyplary imana baý bolmaklary üçin saýlamadymy? Hudaý Özüni söýýänlere wada berşi ýaly, garyplary Şalygyny miras almaklary üçin saýlamadymy näme?


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan