Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 2:11 - Mukaddes Kitap

11 Käbirimiz Krit adasyndan we Arabystandan geldik. Muňa garamazdan, Hudaýyň beýik işleri barada olaryň biziň ene dilimizde gepleýändigini eşidýäris».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Кәбиримиз Крит адасындан ве Арабыстандан гелдик. Муңа гарамаздан, Худайың бейик ишлери барада оларың бизиң эне дилимизде геплейәндигини эшидйәрис».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 2:11
36 Iomraidhean Croise  

Piliştlileriň käbirleri Ýehoşapada sowgatlar, salgyt üçin kümüş getirdiler; araplar hem ýedi müň ýedi ýüz goç we ýedi müň ýedi ýüz erkeç getirdiler.


Piliştlilere, Gurbagalda ýaşan araplara we megunylara garşy alyp barýan uruşlarynda Hudaý Uzyýa ýardam etdi.


Akyla sygmajak beýik işleri, sansyz täsin işleri edýän-de Oldur.


Wada berdi Hudaý Öz mukaddes öýünden: «Uly şatlyk bilen Men Şekemi bölerin hem-de Sukot deresini ölçärin.


Dogry ynsan üçin hatda garaňkyda nur dogar, ol mähriban, dogruçyl we rehimlidir.


«Ýat toprakda neneň edip Rebbiň nagmasyny aýdaly?!»


Ýa Reb, dat-perýatly sesimi eşit; merhemet eýle-de, maňa jogap ber.


Men diýdim: «Ýa Reb, maňa merhemet eýle, şypa ber, çünki men günäli Seniň öňüňde».


Onuň ady baky ýaşasyn, Gün astynda onuň ady güllesin, ähli halklar onda ýalkansyn, ähli milletler oňa, goý, bagtly diýsin.


Unutdylar Onuň işlerini, olara görkezen gudratlaryny.


Goňşularymyza bolduk biz gülki, töweregimizdäkilere – ryswa, oýnatgy.


Seniň nazaryňda müň ýyl düýnki geçen gün ýa gijäniň nobaty ýaly.


Onuň öňünden ot-alaw ýöreýär, töwerekdäki duşmanlaryny ýandyrýar.


Eý, Rebbim, hudaýlaryň arasynda heý-de Seň ýalysy barmydyr? Kim mukaddeslikde Seniň ýaly beýik! Geň gudratlaryňdan gorkup, halk Seni şöhratlar.


Ol ýer ilatsyz galar, hiç haçan ýaşaýyş bolmaz onda, araplar çadyrlaryny dikmezler, çopanlar sürülerini bakmazlar.


Arabystan hakyndaky pygamberlik: Eý, dedanlylaryň kerwenleri! Gijäni Arabystan jeňňelinde geçirersiňiz.


Ýa Reb, Sensiň meniň Hudaýym! Seni arşa çykararyn, alkyşa beslärin adyňy, çünki Sen ajaýyp işler etdiň, owaldan karar etdiň, kämil sadyklyk bilen.


Bu-da Hökmürowan Rebdendir, Onuň maslahaty ajaýyp, paýhasy beýikdir.


Arabystanyň we çölde ýaşaýan keseki halklaryň ähli patyşalaryna;


Seret, ýalaňaç gaýalara nazar sal! Heý, seniň zyna etmedik ýeriň barmy? Çöldäki garakçylar ýaly ýollaryň gyrasynda oturyp, oýnaşlaryňa garaşdyň. Loluçylygyň hem pisligiň bilen ýurdy harama çykardyň.


Frikiýadan, Pamfiliýadan, Müsürden, Kirineýiň golaýyndaky Liwiýadan gelenler hem bar. Şeýle-de Rimden gelen ýahudylar we ýahudy dinini kabul edenler bar.


Olar haýran galdylar we aljyraşyp: «Bu näme boldugyka?» diýişdiler.


Ýöne düşelgede gyşlamaga hiç hili şert bolmansoň, adamlaryň köpüsi, başartsa, bu ýerden Fenikse ýetip, gyşy ol ýerde geçirmegi karar etdiler. Feniks Krit adada ýerleşip, günorta-günbatar we demirgazyk-günbatar tarapdan öwüsýän şemallardan penady.


Şeýlelikde, günorta şemaly ýuwaşja öwüsmäge başlanda, olar öz maksatlaryna ýetendiris öýtdüler. Şonuň üçin labyry çekdiler-de, Krit adanyň golaýy bilen ýola düşdüler.


Biz ençeme günläp haýal ýüzüp, kynçylyk baryny görüp, Knidos şäherine ýetdik. Şemalyň bize garşy öwüsýändigi üçin, Salmon ýarym adasynyň ýanyndan geçip, Krit adasyny penalap, ýüzüp gitdik.


Ol birine gudrat görkezme, başgasyna pygamberlik, ýene birine ruhlary saýgarma, başga birine nämälim diller, ýene birine bu dilleri manylandyrma peşgeşini berýär.


Hudaý ýygnaga ilki bilen resullary, soňra pygamberleri, üçünji edip öwredijileri belledi. Soňra gudrat görkezýänleri we şypa berýänleri, ýardam berýänleri we dolandyrýanlary, soňra nämälim dillerde gürleýänleri belledi.


ýa-da menden öň resul bolanlary görmek üçin hatda Iýerusalime-de gitmedim. Men Arabystana gidip, soňra ýene Damaska dolandym.


Hajar Arabystandaky Sinaý dagyny aňladyp, häzirki Iýerusalime hem meňzeýär. Sebäbi ol çagalary bilen gulçulykdadyr.


Olaryň bir akyldary şeýle diýipdir: «Krit adasynyň halky elmydama ýalan sözleýär; olar ýyrtyjy haýwanlar, asla garny doýmaýar».


Saňa buýruşym ýaly, tamamlanylmadyk işleri bitir, her şäherdäki imanlylar ýygnagyna ýolbaşçylary belle. Ine, hut şu maksat bilen men seni Krit adasynda goýup gaýdandyryn.


Hudaýyň Özi hem alamatlar, mugjyzalar, her dürli gudratlar görkezmek bilen bu habary tassyklady we Öz islegine görä Mukaddes Ruhuň peşgeşlerini paýlady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan