Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 2:10 - Mukaddes Kitap

10 Frikiýadan, Pamfiliýadan, Müsürden, Kirineýiň golaýyndaky Liwiýadan gelenler hem bar. Şeýle-de Rimden gelen ýahudylar we ýahudy dinini kabul edenler bar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Фрикиядан, Памфилиядан, Мүсүрден, Киринейиң голайындакы Ливиядан геленлер хем бар. Шейле-де Римден гелен яхудылар ве яхуды динини кабул эденлер бар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 2:10
34 Iomraidhean Croise  

Kenganda gazaply açlyk başlandy. Şoňa görä, açlyk gutarýança, Ybram wagtlaýyn Müsüre gitdi.


Her welaýatda, her şäherde, patyşanyň tabşyrygynyň, permanynyň gowşan ähli ýerinde ýahudylar şatlanyp, begenip, toý-meýlis, baýram etdiler. Ýahudylardan gorkularyna ýurduň halklarynyň köpüsi ýahudylara goşuldylar.


Eý, atlar, ýel bolup uçuň! Eý, söweş arabalar, däliräp çapyň! Eý, batyrlar, galkanly Efiopiýa we Put, eý, eli ýaýly lutlar, orta söweşe çykyň!


Müsüri, Ýahudany, Edomy, ammonlary, Mowaby we çölde ýaşaýan gyrçuw sakgallylaryň hemmesini jezalandyraryn. Çünki bu milletleriň ählisi sünnetsiz, tutuş ysraýyl halkynyň ýüregi-de sünnetsiz».


Müsür bilen birlikde Efiopiýa, Put, Lut we beýleki halklardan gelen goşunlaryň bary, Kub we ylalaşyk baglaşan ýurdunyň ilaty gylyçdan geçiriler“».


Ol altyn-kümüş hazynalaryny we Müsüriň ähli baýlygyny öz ygtyýaryna geçirer. Liwiýalylar we efiopiýalylar oňa boýun egerler.


«Ysraýyly ýaş wagtynda söýdüm, ony – oglumy Müsürden çagyrdym.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ýene-de halklar we köp şäherleriň ilaty geler.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde dürli dillerde gepleýän ähli milletlerden on adam ýahudylaryň eteginden tutup: „Özüň bilen gitmäge bize ygtyýar et, sebäbi Hudaýyň seniň bilendigini eşitdik“ diýerler».


Ol tä Hirod ölýänçä, şol ýerde galdy. Şunlukda, Rebbiň: «Oglumy Müsürden çagyrdym» diýip, pygamber arkaly aýdan sözi berjaý boldy.


Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz ýekeje adamy öz diniňize saljak bolup, deňizlere, düzlere aýlanýarsyňyz. Diniňize salanyňyzdan soň bolsa, ony özüňizden hem iki esse köp dowzahyň jezasyna sezewar edýärsiňiz.


Ýolda barýarkalar, kirineýli Simun atly bir adama sataşdylar. Olar bu adama Isanyň haçyny götermäge mejbur etdiler.


Şol wagt kirineýli Simun atly bir adam ekin meýdanyndan gelýärdi. Ol Isgender bilen Rufusyň kakasydy. Esgerler ony tutup, Isanyň haçyny götermäge mejbur etdiler.


Olaryň arasynda Kiprden we Kirineýden Antiýoha gelen käbir imanlylar bardy. Olar Reb Isa baradaky Hoş Habary ol ýerdäki başga milletlere-de wagyz etdiler.


Antiýohdaky imanlylar ýygnagynda pygamberler we mugallymlar bardy. Olar Barnap, Garaýagyz lakamly Şimgon, kirineýli Lukiý, hökümdar Hirod bilen bile ösen Manahen we Şawul dagydy.


Pawlus we onuň ýoldaşlary Pafosdan gämä münüp, Pamfiliýadaky Perga şäherine geldiler. Şol ýerde Ýohanna olardan aýrylyp, Iýerusalime dolandy.


Sinagogadaky halk gidenden soň, ýahudylaryň we ýahudy dinini kabul edenleriň köpüsi Pawlus bilen Barnabyň yzyna düşdüler. Pawlus bilen Barnap olara hemişe Hudaýyň merhemeti bilen ýaşamaklaryny öwüt-nesihat etdiler.


Onsoň Pisidýanyň içinden geçip, Pamfiliýa geldiler.


Emma Pawlus özlerini Pamfiliýada terk edip, Hudaýyň hyzmatyny ahyryna çenli bile dowam etmedik Marky äkitmegi makul bilmedi.


Mukaddes Ruh tarapyndan Rebbiň sözüni Aziýa welaýatyna wagyz etmeklik bökdelensoň, Pawlus dagy Frikiýa we Galatýa ülkesinden geçdiler.


Hemme afinylylar we ol ýerde ýaşaýan başga milletler ähli wagtlaryny täze düşünjeler barada gürrüň etmek ýa-da diňlemek bilen geçirýärdiler.


Ol ýerde Pawlus Akila atly bir ýahudy bilen tanyşdy. Akila asly Pontusly bolup, aýaly Priskilla bilen ýaňy-ýakynda Italiýadan gelipdi. Sebäbi imperator Klawdiý hemme ýahudylaryň Rimden çykmaklary barada perman çykarypdy. Pawlus bu maşgalany görmäge gitdi.


Ol ýerde birnäçe wagt bolandan soň, ýene ýola düşdi, Galatýa we Frikiýa ülkelerini aýlanyp, ähli şägirtleri imanda berkitdi.


Käbirimiz Krit adasyndan we Arabystandan geldik. Muňa garamazdan, Hudaýyň beýik işleri barada olaryň biziň ene dilimizde gepleýändigini eşidýäris».


Şol gije Reb Isa Pawlusa görnüp, oňa: «Mert bol! Sen Men hakda Iýerusalimde nähili şaýatlyk eden bolsaň, Rimde-de şeýle şaýatlyk etmelisiň» diýdi.


Kilikiýa we Pamfiliýanyň garşysyndaky deňizden geçip, Likiýanyň Mira şäherine geldik.


Rimdäki doganlar biziň gelendigimizi eşidip, bizi garşylamak üçin ol ýerden Appiýus bazaryna we Üç kerwensaraý diýen oba çenli geldiler. Pawlus olary görende, Hudaýa şükür edip, ýene gaýrata galdy.


Bu pikir hemmäniň göwnünden turdy. Ilki bilen olar imany güýçli we Mukaddes Ruhdan doly bolan Stefany saýladylar. Şeýle-de Filipi, Prohory, Nikanory, Timony, Parmeni we antiýohly Nikolasy saýladylar. Nikolas öň ýahudy dinini kabul edendi, indi Isa ynandy.


Emma Azatlar diýip atlandyrylýan sinagoganyň käbir agzalary Stefana garşy çykyp, onuň bilen jedelleşmäge başladylar. Olar kirineýliler, isgenderiýalylar, şeýle hem Kilikiýa we Aziýa welaýatlaryndan gelenlerdi.


Şonuň üçin-de, size, Rimdäkilere hem Hoş Habary wagyz etmegi küýseýärin.


Men şu hatymy size, Rimdäki doganlaryma ýazýaryn. Hudaý siziň hemmäňizi söýüp, sizi Özüniň halky bolmaga çagyrdy. Goý, Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy size ýar bolsun!


Tersine, Rime gelip, tä meni tapýança, erjellik bilen gözledi.


Olaryň jesetleri beýik şäheriň baş köçesinde serlip ýatar. Olaryň Rebbi hem bu şäherde haça çüýlendi. Adamlar ýaňsylap, bu şäheri „Sodom“ ýa-da „Müsür“ diýip atlandyrýardylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan