Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 19:9 - Mukaddes Kitap

9 Emma käbirleri keçjallyk edip, ynanmak islemediler we halkyň öňünde «Isanyň Ýoly» atly topary ýamanlamaga başladylar. Şeýlelikde, Pawlus olaryň ýanyndan gaýtdy we imanlylary-da özi bilen alyp gaýtdy. Ol Tiran diýen adamyň diwanhanasynda her gün söhbet etdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Эмма кәбирлери кечҗаллык эдип, ынанмак ислемедилер ве халкың өңүнде «Исаның Ёлы» атлы топары яманламага башладылар. Шейлеликде, Павлус оларың янындан гайтды ве иманлылары-да өзи билен алып гайтды. Ол Тиран диен адамың диванханасында хер гүн сөхбет этди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 19:9
39 Iomraidhean Croise  

Olar Rebbe gulak asmadylar we öz Hudaýy bolan Rebbe iman etmedik atalary ýaly boýnuýogynlyk etdiler.


Atalaryňyz ýaly boýnuýogyn bolmaň. Rebbe tabyn boluň, Onuň ebedilik mukaddes eden öýüne gelip, Hudaýyňyz Rebbe hyzmat ediň. Onsoň Onuň gazaby sizden sowlar.


Emma olar Hudaýyň çaparlaryny masgaralap, Hudaýyň sözlerini äsgermezlik etdiler, Onuň pygamberlerini kemsitdiler. Onsoň Rebbiň Öz halkyna garşy gazaby şeýle bir lowlady welin, ondan gutular ýaly bolmady.


Sen olara Öz kanunyňa tarap öwrülmeklerini duýdurdyň. Emma olar şonda-da tekepbirlik edip, Seniň tabşyryklaryňa boýun egmediler; hökümleriňi berjaý etseler, ýaşajakdyklaryny bilseler-de, hökümleriňi ret etdiler. Olar gerişlerini ýükden sowup, boýnuýogynlyk etdiler, diňlemediler.


Rebbiň adyna laýyk şöhraty beriň, gurbanlyk getirip, howlularyna giriň.


Her gün derwezämi garawullap, gapymy gorap, meni diňleýän adam bagtlydyr!


Ol mukaddes öý bolar, emma Ol Ysraýylyň iki patyşalygyna büdreme daşy, ýykýan gaýa, Iýerusalimiň ilatyna duzak we tor bolar.


«Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Olaryň boýnuýogynlyk edip, Maňa gulak asmakdan ýüz öwrendikleri üçin, indi Men bu şäheriň we onuň ähli obalarynyň garşysyna aýdan ähli bela-beterlerimi üstlerinden indererin“».


Emma halk Meni diňlemedi, Maňa gulak asmady, gaýtam boýnuýogynlyk edip, ata-babalaryndan hem beter pislik etdi“.


Olara zat diýmäň, olar körleri idýän körlerdir. Kör-köri ideklese, olaryň ikisi hem çukura gaçar» diýip jogap berdi.


Bu erbet we biwepa nesil alamat talap edýär, emma oňa Ýunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez». Şeýlelikde, Isa olary taşlap gitdi.


Şol wagt Isa mähellä ýüzlenip: «Näme üçin bir gozgalaňçynyň garşysyna çykan ýaly, Meni tutmak üçin gylyçly hem taýakly gelipsiňiz? Her gün ybadathanada oturyp, adamlara öwredýärdim, şonda Meni tutmandyňyz.


«Hudaý olaryň gözlerini kör etdi, ýüreklerini gatatdy. Goý, gözleri bilen görmesinler, gulaklary bilen eşitmesinler, aňlary bilen aňlamasynlar, Maňa dönüp, şypa tapmasynlar».


Ony tapyp, Antiýoha getirdi. Şeýdip, Barnap bilen Şawul bir ýyllap ol ýerdäki ýygnaklary bir ýere toplap, köp adamlara taglymat öwretdiler. Şägirtlere ilkinji gezek Antiýoh şäherinde «mesihiler» diýlip at berildi.


Şäheriň halky ikä bölündi; olaryň bir bölegi ýahudylaryň, bir bölegi-de resullaryň tarapyna geçdi.


Olardan käbiri Pawlus bilen Silasa ynanyp, olara goşuldylar. Şeýle hem Rebbe sežde edýän köp sanly grekler we ýokary mertebeli ençeme aýallar olara goşuldylar.


Şol wagtlar «Isanyň Ýoly» atly topar dogrusynda uly galmagal turdy.


Pawlus halkyň arasyna girmekçi bolanda, şägirtler ony goýbermediler.


Şonuň üçin hüşgär boluň. Üç ýyllap gije-gündiz gözýaşlarym bilen her biriňize üznüksiz nesihat edenimi ýadyňyzda saklaň.


„Isanyň Ýoly“ atly topara degişli adamlara ölüm howpuny salyp yzarlardym, aýal-erkek diýmän, elini-aýagyny baglap, hemmesini zyndana dykardym.


Olaryň öňünde durup, belent ses bilen: „Ölüler direlýär diýenim üçin bu gün siziň öňüňizde höküm edilýärin“ diýdim. Mundan başga meniň näme aýybym bar?»


Emma biziň seniň pikirleriňi özüňden eşidesimiz gelýär, sebäbi hemme ýerde bu dini topara garşy çykylýandygyny bilýäris».


Eý, boýnuýogynlar, diňlemek islemeýän tekepbirler! Siz hem edil ata-babalaryňyz ýaly, Mukaddes Ruha hemişe garşy çykýarsyňyz.


ondan Damaskdaky sinagogalar üçin hat ýazyp bermegini haýyş etdi. Ol ýerde «Isanyň Ýoly» diýen topara degişli adamlary aýal-erkek diýmän, kimi tapsa, el-aýagyny baglap, Iýerusalime getirmäge rugsat sorady.


Indi näme? Ysraýyl halky dogrulyga ymtylsa-da, oňa ýetip bilmedi. Oňa diňe saýlanyp-seçilenler ýetdi, galanlary bolsa öz doň ýürekleriniň ygtyýaryna tabşyryldy.


Şeýlelikde, Hudaý islänine rehim-şepagat edýär, isläniniň ýüregini gataldýar.


sebäbi maňa köp adamlaryň garşy çykýandygyna garamazdan, bu ýerde uly we netijeli işler üçin uly mümkinçilikler döredi.


Bular zerarly pikirleri zaýalanan adamlaryň arasynda agzalalyklar ýüze çykýar. Olar hakykaty ýoýup, Hudaýyň ýörelgesi gazanç ýoludyr öýdýärler.


Sen Aziýa welaýatyndakylaryň hemmesiniň, şol sanda Figeliň we Hermogeniň menden ýüz öwrendiklerini bilýänsiň.


Olar hudaýhonsyrasalar-da, Hudaýyň güýjüni inkär edýändirler. Beýle adamlardan arany aç.


pursadyň amatly bolup-bolmazlygyna garama-da, Hoş Habary dyngysyz wagyz et. Günä edýänleri paş edip, olary ýazgar, sabyrlylyk bilen öwüt-ündew berip, taglymaty öwret.


Tersine, her güni «Bu gün» diýip hasaplap, biri-biriňizi ruhlandyryň. Şeýdip, siziň hiç biriňiz günäniň toruna düşüp, doňýürek bolmaň.


Emma bu adamlar düşünmeýän zatlaryna dil ýetirýärler. Olar awlanyp, ýok edilmek üçin doglan düşünjesiz ýabany haýwanlar we öz ugruna hereket edýän mahluklar ýalydyrlar. Bular haýwanlar ýaly-da ýok bolup giderler.


Köp adamlar olaryň azgynçylykly ýörelgelerine eýererler, şolar sebäpli hakykat ýoluna dil ýetiriler.


Emma bu düýş görýän adamlar düşünmeýän zatlaryna sögýärler. Olar edil haýwanlar ýaly, öz ugruna hereket edip, islän zatlaryny edýärler, bu zatlar hem olary heläk edýär.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan