Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 19:2 - Mukaddes Kitap

2 Olardan: «Iman edeniňizde Mukaddes Ruhy kabul etdiňizmi?» diýip sorady. Olar hem oňa: «Biziň Mukaddes Ruhuň bardygyndan hatda habarymyzam ýok» diýdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Олардан: «Иман эдениңизде Мукаддес Рухы кабул этдиңизми?» дийип сорады. Олар хем оңа: «Бизиң Мукаддес Рухуң бардыгындан хатда хабарымызам ёк» дийдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 19:2
12 Iomraidhean Croise  

Ol muny Özüne iman edenleriň aljak Mukaddes Ruhy barada aýdýardy. Olara entek Mukaddes Ruh inmändi, sebäbi Isa entek şöhratlandyrylmandy.


Petrus bu sözleri heniz aýdyp durka, ony diňleýänleriň hemmesiniň üstüne Mukaddes Ruh indi.


Olar muny eşidip, Reb Isanyň yzyna eýerijiler hökmünde suwa çümdürildiler.


„Hudaý şeýle diýýär: Ahyrky günlerde şeýle bolar, Men ähli ynsanlaryň üstüne Öz Ruhumy dökerin. Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz, aýanlyk alarlar ýigitleriňiz, düýşler görer garrylaryňyz.


Sizi örän göresim gelýär, imanyňyzy berkitjek ruhy peşgeşleri siziň bilen paýlaşasym gelýär.


Eýsem siz öz bedeniňiziň Mukaddes Ruhuň ýaşaýan ybadathanasydygyny bilmeýärsiňizmi? Siz bu Ruhy Hudaýdan aldyňyz. Siz diňe özüňiziňki dälsiňiz.


Hudaý size Öz Ruhuny berip, araňyzda köp gudratlary görkezdi. Ol bulary Mukaddes Kanuny berjaý edeniňiz üçin däl-de, Hoş Habary eşidip, oňa ynanandygyňyz üçin etdi.


Şamuwel heniz Rebbi ýakyndan tanamaýardy, Rebbiň sözi Şamuwele entek aýan bolmandy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan