Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 18:8 - Mukaddes Kitap

8 Sinagoga baştutany Krispus tutuş öý-içersi bilen bile Rebbe iman etdi. Pawlusy diňlän ençeme korintoslylar hem iman edip, Isanyň ady bilen suwa çümdürildiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Синагога баштутаны Криспус тутуш өй-ичерси билен биле Реббе иман этди. Павлусы диңлән энчеме коринтослылар хем иман эдип, Исаның ады билен сува чүмдүрилдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 18:8
25 Iomraidhean Croise  

Ybraýymyň hojalygyndaky erkekleriň ählisi, onuň hojalygynda doglan gullary-da, kesekilerden satyn alan gullary-da onuň bilen bile sünnetlendiler.


Dogruçyllyk hem adalatlylyk bilen Rebbiň ýolundan ýöremekligi ogullaryna we nesillerine tabşyrsyn diýip, Men Ybraýymy saýladym. Eger olar Meniň aýdanlarymy berjaý etseler, onda Men Ybraýyma beren wadalarymyň hemmesini ýerine ýetirerin».


Şonuň üçin hem gidiň-de, ähli milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň adyndan suwa çümdüriň.


Sinagoga ýolbaşçylaryndan Ýaýrus atly bir adam geldi. Ol Isany görüp, Onuň aýagyna ýykyldy.


Ol bu sözleri aýdyp durka, sinagoga baştutanynyň öýünden birnäçe adam gelip: «Gyzyň öldi. Näme üçin Mugallymy artykmaç biynjalyk edýärsiň?» diýdi.


Korneliý hudaýhon adam bolup, özi hem, öý-içersi hem Rebbe sežde edýärdi. Ol halkyň arasyndaky mätäçlere köp kömek edip, elmydama Hudaýa doga ederdi.


Onuň saňa aýtjak habary arkaly özüň we tutuş öý-içeriň halas bolar“ diýipdir.


Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan okalandan soň, sinagoganyň baştutanlary: «Doganlar, halka näme öwüt-nesihatyňyz bar bolsa aýdyň, baş üstüne!» diýip, olary çagyrtdylar.


Onsoň olary öýüne salyp, öňlerine saçak ýazdy. Ol tutuş öý-içersi bilen birlikde Hudaýa iman edendigine begendi.


Mundan soň Pawlus Afinyny taşlap, Korintosa gitdi.


Onsoň olar sinagoganyň baştutany Sostenisi kazyýetiň öňünde tutup ýençdiler. Emma Galiýo bularyň hiç birine üns hem bermedi.


Apollo Korintosdaka, Pawlus düzlükleriň üsti bilen Efese geldi. Bu ýerde birnäçe imanly doganlary tapdy.


Emma Filip Hudaýyň Şalygy we Isa Mesih baradaky Hoş Habary wagyz edende, adamlar oňa ynandylar. Aýal-erkek diýmän olaryň hemmesi Isanyň ady bilen suwa çümdürildi.


Hudaýyň Korintosdaky ýygnagyna dogaýy salam! Isa Mesih arkaly Hudaýyň mukaddes halky bolmaga çagyrylanlaryň baryna dogaýy salam! Şeýle-de hemmämiziň Rebbimiz bolan Isa Mesihe ybadat edýänleriň baryna dogaýy salam!


Hudaýyň yradasy bilen Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan we doganymyz Timoteosdan Hudaýyň Korintosdaky ýygnagyna, şeýle-de tutuş Ahaýa welaýatyndaky Hudaýyň halkynyň baryna dogaýy salam!


Men sizi gynandyrmaýyn diýip, Korintosa dolanyp barmadym. Munuň hakykatdygyna Hudaý-da şaýatdyr.


Eý, korintoslylar! Biz siziň bilen aç-açan gürleşdik, size ýüregimizi açdyk.


Erast Korintosda galdy. Trofymy bolsa ýarawsyzlygy sebäpli Militosda galdyrmaly boldum.


Rebbe gulluk etmegi makul görmeseňiz, onda şu gün kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň: siz Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky ata-babalaryňyzyň gulluk eden hudaýlaryna gulluk etjekmisiňiz ýa-da häzirki ýaşaýan ýeriňizdäki amorlaryň hudaýlaryna? Emma hojalygym bilen men bolsa Rebbe gulluk etjekdirin».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan