Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 18:7 - Mukaddes Kitap

7 Onsoň Pawlus ol ýerden çykyp, Titus Ýustus atly bir adamyň öýüne bardy. Titus Ýustus Hudaýa sežde edýän adam bolup, onuň öýi sinagoga bilen ýanaşykdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Онсоң Павлус ол ерден чыкып, Титус Юстус атлы бир адамың өйүне барды. Титус Юстус Худая сежде эдйән адам болуп, онуң өйи синагога билен янашыкды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 18:7
9 Iomraidhean Croise  

Hudaýyň günäkärleri diňlemeýändigini bilýäris, emma kim Oňa sežde edip, Onuň yradasyny berjaý etse, Hudaý ony diňleýär.


Korneliý hudaýhon adam bolup, özi hem, öý-içersi hem Rebbe sežde edýärdi. Ol halkyň arasyndaky mätäçlere köp kömek edip, elmydama Hudaýa doga ederdi.


Olar: «Bizi ýüzbaşy Korneliý iberdi. Ol dogry we Rebbe sežde edýän adam, ýahudy halkynyň arasynda hem onuň abraýy uludyr. Hudaýyň bir perişdesi oňa: „Petrusy öýüňe çagyryp, onuň aýtjak sözlerini diňle“ diýip buýruk beripdir» diýdiler.


Pawlus bilen Barnap ýahudylaryň sinagogasyndan çykyp barýarkalar, halk indiki Sabat güni-de bu zatlar dogrusynda gürrüň bermeklerini olardan haýyş etdi.


Sinagogadaky halk gidenden soň, ýahudylaryň we ýahudy dinini kabul edenleriň köpüsi Pawlus bilen Barnabyň yzyna düşdüler. Pawlus bilen Barnap olara hemişe Hudaýyň merhemeti bilen ýaşamaklaryny öwüt-nesihat etdiler.


Emma ýahudylar şäheriň ýokary mertebeli hudaýhon aýallaryny we at-abraýly erkeklerini Pawlus bilen Barnabyň garşysyna öjükdirdiler. Şeýlelikde, olary yzarlap, öz ýurtlaryndan kowup çykardylar.


Bizi diňläp oturanlaryň arasynda Lidiýa atly bir söwdagär aýal hem bardy. Ol Tiýatira şäherinden bolup, gyrmyzy parçalar satýardy. Bu aýal Hudaýa sežde edýärdi. Pawlusyň sözlerine gulak asmak üçin, Reb onuň ýüregini açdy.


Olardan käbiri Pawlus bilen Silasa ynanyp, olara goşuldylar. Şeýle hem Rebbe sežde edýän köp sanly grekler we ýokary mertebeli ençeme aýallar olara goşuldylar.


Ýustus lakamly Ýeşuwa hem size salam aýdýar. Hudaýyň Şalygy ugrunda zähmet çekýän ýahudy işdeşlerim diňe şulardyr. Olar maňa teselli berip gelýärler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan