Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 18:6 - Mukaddes Kitap

6 Emma olar Pawlusa garşy çykyp, oňa sögmäge başladylar. Şonda Pawlus olardan närazy bolup, egin-eşiginiň çaňyny kakyp: «Ganyňyz öz boýnuňyza bolsun, mende aýyp ýok. Mundan beýläk men keseki milletleriň ýanyna gitjek» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Эмма олар Павлуса гаршы чыкып, оңа сөгмәге башладылар. Шонда Павлус олардан нәразы болуп, эгин-эшигиниң чаңыны какып: «Ганыңыз өз бойнуңыза болсун, менде айып ёк. Мундан бейләк мен кесеки миллетлериң янына гитҗек» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 18:6
37 Iomraidhean Croise  

Dawut amalege: «Döken ganyň öz başyňa barsyn. Çünki sen Rebbiň seçip-saýlan adamyny öldürendigiňe öz diliň bilen şaýatlyk etdiň» diýdi.


Abneriň we Emasanyň gany ebedi Ýowabyň hem-de onuň nesilleriniň başyndan iner. Emma Reb Dawuda we onuň tagtda oturýan nesillerine ebedilik asudalyk berer».


Men donumyň syýyny silkip: «Eger-de kim şu beren sözünden dänse, Hudaý ony edil don syýynyň silkilip boşadylyşy ýaly öýünden, işinden mahrum etsin. Olar ähli zadyndan jyda düşsün» diýdim. Bütin jemagat hem muny makullap: «Omyn!» diýşip, Rebbe alkyş aýtdylar. Halk beren wadasyny ýerine ýetirdi.


Öz peýdasyna karz berip, göterimine pul berer. Beýle ogul diri galarmy? Ýok, diri galmaz. Ol bu nejis işleriň ählisini etdi, ol hökman öler we dökülen gany öz boýnuna bolar.


Şonda kim surnaý sesini eşidibem, ägä bolmasa we gylyç gelip, ony öldürse, onuň gany öz boýnuna bolar.


Gözegçi gylyjyň gelýändigini görübem, surnaý çalmasa, halka duýduryş bermese we gylyç gelip, olardan biriniň janyny alsa, bu adam öz etmişi üçin öldüriler. Emma onuň gany üçin Men gözegçi bilen haklaşaryn.


Kakasyny ýa-da ejesini näletlän adam öldürilsin. Öz kakasyny we ejesini näletländigi üçin, onuň gany öz boýnunadyr.


Kim sizi kabul etmese, sözleriňizi diňlemese, ol öýden ýa-da şäherden çykyp barýarkaňyz, aýaklaryňyzyň tozuny kakyň.


Olar Isa: «Bu pis adamlary aýylganç ölüme sezewar eder we üzümçiligini bolsa miwesini wagtynda özüne berjek başga kärendeçilere berer» diýdiler.


«Munuň üçin size şeýle diýýärin: Hudaýyň Şalygy sizden alnyp, Şalyk üçin hasyl öndürjek halka berler.


Hyzmatkärler ýollara çykyp, ýaman diýmän, ýagşy diýmän, tapanlarynyň baryny üýşürýärler, toýhana myhmanlardan dolýar.


Ähli halk: «Onuň ganyna biz we çagalarymyz jogapkär!» diýip jogap berdi.


Size şuny-da aýdýaryn: gündogardan we günbatardan köp adamlar gelip, Ybraýym, Yshak, Ýakup bilen bile Gögüň Şalygynda bir saçagyň başynda oturarlar.


Ýene-de Oňa ençeme hapa sözler aýtdylar.


Eger adamlar sizi kabul etmeseler, olaryň şäherinden çykyp gaýdanyňyzda, olara garşy şaýatlyk hökmünde aýagyňyzyň tozuny kakyň» diýdi.


Bu iki resul bolsa olara garşylyk hökmünde, aýaklarynyň tozuny kakyp, Ikoniýa şäherine gitdiler.


Men bir sinagogadan beýlekisine aýlanyp, olary gaýta-gaýta jezalandyrdym, imandan dänmäge mejbur etdim. Olara garşy gahar-gazaba münüp, hatda keseki şäherlere çenli olary yzarladym.


Ilki bilen Damaskda, Iýerusalimde, soňra tutuş Ýahudyýada, şeýle hem, keseki milletleriň arasynda: „Günäleriňiz üçin toba ediň, Hudaýa dolanyň, toba edendigiňizi oňat işleriňiz bilen subut ediň“ diýip wagyz etdim.


Şonuň üçin indi şuny bilip goýuň: Hudaýyň halas bolmak baradaky Hoş Habary ýahudy dällere iberildi. Olar gulak asarlar».


Eýsem Hudaý diňe ýahudylaryň Hudaýymy? Ol başga milletleriň hem Hudaýy dälmi näme? Elbetde, Ol başga milletleriň hem Hudaýy.


Kimdir biriniň günäsine şärik bolmaz ýaly, onuň başyna el goýup, ony hyzmata bellemäge howlukma. Özüňi päk sakla.


Ol özüne garşy çykýan adamlara hem ýumşaklyk bilen öwüt-ündew bermelidir. Belki, Hudaý bu adamlaryň hem toba gelmegine bir ýol açar. Olar-da hakykaty bilip,


Mesihiň ady sebäpli kemsidilýän bolsaňyz, bagtyýarsyňyz, sebäbi Hudaýyň şöhratly Ruhy sizde mesgen tutandyr.


Indi bolsa şol öňki butparazlyk edýänler siziň özleri bilen bile azgyn zynahorlyga goşulmaýandygyňyza geň galyp, size sögýärler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan