Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 18:5 - Mukaddes Kitap

5 Silas bilen Timoteos Makedoniýadan gelenlerinden soň, Pawlus tutuş wagtyny Isa hakdaky habary wagyz etmäge bagyşlady. Ol ýahudylara Isanyň Mesihdigi barada şaýatlyk etdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Силас билен Тимотеос Македониядан геленлеринден соң, Павлус тутуш вагтыны Иса хакдакы хабары вагыз этмәге багышлады. Ол яхудылара Исаның Месихдиги барада шаятлык этди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 18:5
33 Iomraidhean Croise  

Men: «Indi Ol hakda dil ýarmaryn, Onuň adyndan geplemerin» diýsem, Onuň sözi süýeklerime ornaşyp, ýüregime ot berdi. Ony içimde saklamakdan irdim, mundan artyk çydap bilmeýärin.


Munuň üçin men Rebbiň gazabyndan doludyryn, gaharymy saklamakdan halys irdim». «Ony köçedäki çagalaryň, toplanan ýigitleriň üstüne dök. Är-aýalyň ikisini-de tutup äkiderler, garrydyr goja-da olardan sypmaz.


Ruh meni ýokary göterip, bu ýerden alyp gitdi. Rebbiň eli meniň üstümde berk durdy we janym gahardan dolup, men gaýgy-hasratda gitdim.


Men bolsa Ýakuba ýazygyny, Ysraýyla günäsini jar etmäge, Rebbiň Ruhy bilen güýçden, adalatdan, gudratdan doludyryn.


Men çuňňur gaýgy-hasrata batýaryn. Bu amala aşýança, Men darygýaryn!


Sebäbi meniň bäş doganym bar. Bu gynalýan ýere düşmezleri ýaly, Lazar baryp şeýle ýeriň bardygyny olara duýdursyn“ diýýär.


Andrys ilki bilen dogany Simuny tapyp, oňa: «Biz Mesihi tapdyk» diýdi. (Mesih Hudaýyň saýlap-seçeni diýmekdir).


Mesih Ýahudylaryň baştutanlary Onuň daşyna üýşüp: «Sen haçana çenli bizi alasarmyk edip goýjak? Eger Mesih bolsaň, anygyny aýt» diýdiler.


Siz hem şaýatlyk edersiňiz, sebäbi başdan-aýak Meniň bilen bile bolduňyz.


„Men Mesih däl, men diňe Onuň öňünden iberildim“ diýenime siziň özüňiz şaýatsyňyz.


Isa Özüniň Hudaýyň yradasy bilen dirileriň hem, ölüleriň hem Kazysydygyny halka wagyz edip, şaýatlyk etmegimizi buýurdy.


Soňra resullar we ýygnagyň ýolbaşçylary tutuş imanlylar ýygnagy bilen birlikde birnäçe adamy saýlap, olary Pawlus hem-de Barnap bilen Antiýoha ibermek kararyna geldiler. Olar iki adamy: Barsaba lakamly Ýudasy we Silasy saýladylar, olaryň ikisi-de doganlaryň arasynda ýolbaşçydylar.


Pawlus Derbe we Listra şäherlerine geldi. Listrada Timoteos atly Isanyň bir şägirdi bardy. Onuň ejesi imanly ýahudydy, kakasy bolsa grekdi.


Ol ýerden-de Makedoniýanyň esasy welaýatynda ýerleşýän Filipi şäherine geldik. Bu şäher Rime garaşlydy. Biz birnäçe günläp ol ýerde galdyk.


Şol gije Pawlus bir görnüş gördi. Makedoniýaly bir adam onuň garşysynda durup: «Makedoniýa gel, bize kömek et!» diýip ýalbardy.


Ol Mesihiň görgi görmeginiň we soňra ölümden direlmeginiň gerek bolandygyny düşündirip subut etdi. Ol: «Meniň size wagyz edýän Isam Mesihdir» diýdi.


Ol Mukaddes Ýazgylar esasynda Isanyň Mesihdigini subut edip, ýahudylaryň nähakdygyny halkyň öňünde aç-açan paş edýärdi.


Şonuň üçin hem, eý, tutuş ysraýyl halky, şuny anyk bilip goý: Hudaý siziň haça çüýlän bu Isaňyzy hem Reb, hem Mesih edip belledi».


Men ýahudylaryň-da, grekleriň-de toba edip, Hudaýa dolanmaga we Rebbimiz Isa Mesihe iman etmäge çagyrdym.


Emma Mukaddes Ruh maňa her şäherde zynjyrlara we muşakgatlara duçar boljakdygymy duýdurýar.


Muňa garamazdan, janymy özüm üçin gymmatly hasaplamaýaryn. Men diňe pellehana ýetmek we Rebbimiz Isanyň tabşyran işini doly amala aşyrmak isleýärin. Bu iş Hudaýyň merhemeti baradaky Hoş Habara şaýatlyk etmekdir.


Biz-ä görüp-eşidenlerimizi aýtman durup bilmeris» diýip jogap berdiler.


Şawulyň erk-ygtyýary bolsa gün-günden güýçlenýärdi. Ol Isanyň Mesihdigini subut etmek bilen, Damaskda ýaşaýan ýahudylaryň başyny çaşyrdy.


Men, Silwan we Timoteos dagy araňyzda Hudaýyň Ogly Isa Mesih barada wagyz etdik. Biziň wagyz eden Isa Mesihimiz hem «hawa», hem «ýok» diýen däldir. Hudaý Isa Mesih arkaly «hawa» diýýändir.


Men araňyzda bolup, mätäçlik çekenimde-de, siziň hiç biriňize agram salan däldirin. Sebäbi gerek zatlarymyň baryny Makedoniýadan gelen doganlarym üpjün etdiler. Men haýsydyr bir zatda size agram salmakdan saklandym, mundan beýläk-de agram salmaryn.


Eger bir Adam hemmeler üçin ölen bolsa, onda hemmämiz ölendiris. Şeýle pikire gelelimiz bäri Isa Mesihiň söýgüsi bizi hereket etmäge höweslendirýär.


Men iki dagyň arasynda galdym: men dünýäden ötüp, Mesihiň ýanynda bolmak isleýärin. Bu juda ýagşydyr;


Siziň ýanyňyza bolsa Mesihiň Hoş Habaryny ýaýratmak üçin Hudaýyň hyzmatynda egindeşimiz bolan Timoteos doganymyzy iberdik. Biz muny sizi imanyňyzda berkitmek, ruhlandyrmak üçin,


Emma ýanyňyzdan şu pursat gelen Timoteos siziň imanyňyz we söýgiňiz barada oňat habarlar getirdi. Ol bizi hemişe ýagşylykda ýatlaýandygyňyzy, sizi göresimiziň gelşi ýaly, siziň-de bizi gaty küýseýändigiňizi gürrüň berdi.


Bu gysga hatymy size sadyk doganym Silwan arkaly ýazdym. Munuň bilen sizi ruhlandyryp, Hudaýyň hakyky merhemetine şaýatlyk etdim.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan