Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 18:4 - Mukaddes Kitap

4 Pawlus her Sabat güni sinagogada Hoş Habar hakda pikir alşyp, ýahudylary we grekleri ynandyrmaga çalyşýardy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Павлус хер Сабат гүни синагогада Хош Хабар хакда пикир алшып, яхудылары ве греклери ынандырмага чалышярды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 18:4
18 Iomraidhean Croise  

Hudaý Ýafesi örňetsin, Ýafesiň nesilleri Samlaryň çadyrlarynda ýaşasyn, Kengan Ýafese gul bolsun».


Hizkiýa: „Hudaýymyz Reb bizi Aşur patyşasynyň elinden halas eder“ diýip, sizi açlykdan we suwsuzlykdan öldürjek bolup aldaýar.


Ybraýym oňa: „Olar Musa we pygamberlere gulak asmaýan bolsalar, onda ölülerden biri direlse-de, ynanmazlar“ diýip jogap berýär».


Bir gün Isa Öz dogduk mekany bolan Nasyra gitdi. Ol Sabat güni adatdaky ýaly sinagoga baryp, Mukaddes Ýazgylardan okamak üçin ýerinden turdy.


Onsoň ýahudylaryň baştutanlary biri-birine: «Bu Adam biz tapyp bilmez ýaly, nirä gitjekkä? Grekleriň arasyna dargap giden ýahudylaryň ýanyna gidip, greklere-de öwretjekmikä?


Olar bolsa Pergadan ýollaryny dowam etdirip, Pisidýadaky Antiýoh şäherine geldiler. Sabat güni sinagoga gelip, ol ýerde oturdylar.


Pawlus bilen Barnap Ikoniýa şäherinde hem adatdakysy ýaly ýahudylaryň sinagogasyna bardylar. Ol ýerde olar şeýle bir täsirli wagyz etdiler welin, köp sanly ýahudylar we keseki milletler iman etdiler.


Beriýadaky ýahudylaryň gözýetimi Salonikidäki ýahudylaryňka garanda has giňdi. Olar Isa hakyndaky habary göwünjeňlik bilen kabul edip, Pawlusyň aýdanlarynyň hakykatdygyny görmek üçin, Mukaddes Ýazgylary her gün seljerýärdiler.


Şonuň üçin Pawlus sinagogada ýahudylar we Rebbe sežde edýän köp sanly grekler bilen gürrüňleşdi. Şeýle hem her gün bazarda duş gelen adamlara wagyz etdi.


Olar: «Bu adam kanuna garşy ýollar bilen halky Hudaýa sežde etmäge yrýar» diýdiler.


Efese gelenlerinde, Pawlus Priskilla bilen Akilany şol ýerde galdyrdy. Özi bolsa sinagoga gidip, ýahudylar bilen Hoş Habar hakda pikir alyşdy.


Emma Pawlusyň: „Ynsan eli bilen ýasalan hudaýlar asla hudaý däldir“ diýip, diňe Efesde däl, eýsem, bütin Aziýa welaýatynda köp adamlary ynandyryp azdyrandygyny-da görüp-eşidýänsiňiz.


Pawlus üç aýlap sinagoga baryp, ol ýerde halka ynandyryjy deliller bilen Hudaýyň Şalygy barada batyrgaý wagyz etdi.


Agrip Pawlusa: «Meni gysga wagtyň içinde yryp, mesihi etjek bolýarsyňmy?» diýdi.


Şeýlelikde, olar Pawlus bilen duşuşyk gününi belleşdiler. Şol gün onuň bolýan ýerine juda köp adam geldi. Pawlus ertirden agşama çenli olara Hudaýyň Şalygyny düşündirip, wagyz etdi. Mundan başga-da olary ynandyryp, Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan Isa dogrusynda ynandyryjy deliller getirdi.


Ol dessine sinagogalara baryp, Isanyň Hudaýyň Ogludygy barada wagyz etmäge başlady.


Biz Hudaýdan gorkmagyň nämedigini bilenimiz üçin, başgalary hem toba etmelidigi barasynda ynandyrjak bolýarys. Biziň nähilidigimiz Hudaýa äşgärdir. Bu siziň ynsabyňyza hem äşgärdir diýen umydym bar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan