Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 18:10 - Mukaddes Kitap

10 Men seniň bilendirin, hiç kim saňa azar bermez, ýamanlyk etmez, sebäbi bu şäherde Meniň halkymyň sany köpdür».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Мен сениң билендирин, хич ким саңа азар бермез, яманлык этмез, себәби бу шәхерде Мениң халкымың саны көпдүр».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 18:10
26 Iomraidhean Croise  

Häzir bolsa ýola düş, Men saňa sözlemäge kömek ederin we saňa näme aýtmalydygyňy öwrederin» diýdi.


Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin.


Seniň bilen bolaryn suwlardan geçeniňde, derýalardan geçeniňde, seni gark etmez olar, oduň içinden ýöräniňde ýanmarsyň, ýalyn ýakmaz seni.


Seniň garşyňa ýasalan ýarag derde ýaramaz, hökümde garşyňa çykýan her dili aýyplarsyň. Rebbiň bendeleriniň mirasy şudur, Men olary aklaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Bile maslahat geçirersiňiz, ýöne ol başa barmaz; söz sözlärsiňiz, ýöne ol amala aşmaz, çünki Hudaý biziň bilendir.


Siziň başyňyzdaky saçyňyz hem doly sanalgydyr.


Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.


Emma saçyňyzyň bir tary hem kemelmez.


Meniň bu agyldakylardan başga-da goýunlarym bar. Men olary hem ýygnamalydyryn. Olar hem Meniň sesimi eşiderler, şonda bir süri, bir çopan bolar.


Ol diňe bir şol millet üçin däl-de, eýsem Hudaýyň dagynyk perzentlerini bir ýere toplap birleşdirmek üçin hem ölmelidi.


Ine, Simun bize Hudaýyň ilki bilen keseki milletlere nähili nazar salandygyny we olaryň arasyndan Özüne bir halk saýlap alandygyny düşündirip berdi.


bular gadymdan mälimdir“.


Şeýlelikde, Pawlus bir ýarym ýyllap olaryň arasynda galyp, Hudaýyň sözüni öwretdi.


Bir gije Reb görnüş arkaly Pawlusa şeýle diýdi: «Gorkma, geple, dymma!


Bulardan başga aýdara zat galdymy? Hudaý bizlik bolsa, kim bize garşy çykyp biler?


Emma Reb şeýle diýdi: «Saňa beren merhemetim besdir, sebäbi Meniň gudratym ejizlikde kämilleşýändir». Şonuň üçin-de, Isa Mesihiň güýji mende mesgen tutsun diýip, öz ejizliklerim barada höwes bilen magtanaryn.


Ýöne Reb meni ýeke goýmady. Hoş Habaryň men arkaly doly wagyz edilip, ähli milletleriň hem ony eşitmegi üçin, Ol maňa gujur-gaýrat berdi. Reb meni ölümiň penjesinden halas etdi.


Reb saňa ýar bolsun! Onuň merhemeti siziň baryňyza ýar bolsun!


Ömrüňiň bütin dowamynda hiç kim seniň garşyňda durup bilmez. Musa bilen bolşum ýaly, Men seniň bilen hem bile bolaryn. Senden hiç wagt bir ädim-de daşlaşmaryn, hiç wagt seni ýeke taşlamaryn.


Men saňa şeýle buýruk berýändirin: dözümli hem mert bol! Gorkma we dowla düşme, çünki sen nirä gitseň-de, nirede bolsaň-da, Hudaýyň Reb seniň bilendir!»


Reb olar üçin ýolbaşçy serdary çykaranda, Reb serdar bilen bile bolardy, serdaryň ähli ýaşan ömründe, Reb ysraýyllary duşmanlarynyň elinden halas ederdi. Çünki olar sütemiň we zulumyň goly astynda bolanlarynda, Reb olara rehim ederdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan